Naryň düzüminde aminokislotalaryň 15 görnüşi bar. Şeýle-de ol C,A,B,PP witaminlerine we kaliýe baýlygy bilen tapawutlanýar.

***

Naryň, adamyň ganynynyň düzümindäki gemoglobiniň mukdaryny artdyrmakda peýdasy köpdür. Haçan-da ganazlyk keseli howp salsa, nar iýmek maslahat berilýär.

***

Naryň düzüminde alma we limon kislotalary hem bardyr. Şoňa görä-de aşgazan keseli bilen kesellän adamlara iýmek maslahat berilmeýär.

***

Nardan kosmetikada ulanmak üçin ýag hem taýýarlanylýar. 1 litr nar ýagyny taýýarlamak üçin ortaça 500 kilogram nar gerek.

***

Nargan-damar ulgamynyň kesellerini bejermek üçin hem-de organizimi dikeltmek üçin giňden ulanylýar.

***

Naryň gabygy gaýnadylyp içilen ýagdaýynda iç geçme keseline peýdalydyr.

***

Geçirilen barlaglara görä naryň suwy içilen ýagdaýynda prostat yragyna garşy bedeni gorar.

***

Azerbaýjanda her ýylyň 26-njy oktýabrynda naryň baýramçylygy bellenilip geçilýär. Bu ýurtda naryň ähli sorty ösdürip ýetişdirilýär.

***

Hytaýda durmuş toýlaryna naryň şekili çekilen suratlary sowgat bermegi dogry hasaplapdyrlar.

Taýýarlan Şeker WEKILOWA

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir