Käbedäki geñ-tañlyklar


Käbede içine demir sowutlar atylan bir guýy hakynda ähli taryhy we dini çeşmeler agzalyp geçilýär. Dini çeşmelerde bu guýynyñ bir ýylan tarapyndan goralýandygyndan söz açýar.
Belki-de, bu ýerde ''ýylan'' göni manyda, düşündirilşi ýaly bir jandar däl-de, bir simwoldyr. Bu simwolyñ näme manysy añladýandygyny biz kitabymyzyñ başynda gysgaça aýdyp geçipdik. Mälim bolşy ýaly ''ýylan'' Nuhuñ tupanyndan öñki döwürde ýaşap geçen ''Galaktiki kowumlaryñ'' simwolydy. Ynha, Käbäniñ içindäki guýynyñ düýbünde bar diýilýän ýylan ㅡ ''Galaktiki kowumlara'' degişli syrlar diýmekdir. Özem şol wagtlar bu syrlar ýazuw çeşmeleri görnüşinde bolan bolmaly.
Muhammet pygamberiñ (s.a.w) 35 ýaşynda Käbäni abadanlaşdyryş işlerine gatnaşanlygy barada aýdypdyk. Bu abadanlaşdyryş wagtynda Muhammet pygamberiñ (s.a.w) hut öz şaýatlyk eden käbir geñ-tañsy wakalary bolup geçýär...
Käbäniñ abadanlaşdyryş işleri dowam edip durka agzalýan guýynyñ belli bir kysmynda, öñ görülmedik , diýseñ üýtgeşik ''ýaşyl daşlar'' bilen örülen diwar gabat gelýär. Hiç hili söküp bolmaýan, göýä polatdan guýulan ýaly berk daşlary hernäçe çytraşylsa-da ýerinden gozgap bolmaýar. Hat-da şol ýaşyl daşlaryñ arasyna demir lomlar sokulyp arasy açyljak bolnanda, tutuş Mekgäni gurşap alýan ýer titreme peýda bolýar. Dessine bu iş goýbolsun edilýär we bu daşlar Käbäniñ binýady hökmünde el degrilmän goýulýar.
Ezoterik maglumatlar agzalýan ýeriñ Agarta alyp barýan gapy bolaýmagynyñ ähtimaldygyny aýdýar. Nuhuñ tupanyndan öñki siwilizasiýalar tarapyndan gurulan gizlin ýerasty Agarta medeniýetiniñ giriş gapylarynyñ biriniñ şu ýerde bolaýmagynyñ ähtimaldygyny orta atýan iñ sagdyn delilleriñ biri-de Muhiddin Araby tarapyndan gürrüñ berilmegi inkär edip bolmajak derejede ähmiýetlidir. Ibnul Araby başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüñ berýär: ''Mekgede Käbä eden bir zyýaratymda men, hiç kimiñ gözüne kaklyşmadyk bir ''kişiden'' onuñ kimdigini soradym. Adamdygyny aýtdy. Ýöne bize meñzemeýärdi..! Ol ''Siziñ atañyz bolan Adam atanyñ neslinden däl men. Jenaby Hak siziñ atalaryñyzy ýaratmazdan öñ ýer ýüzünde başga-da ynsan nesillerini ýaradypdy we has soñra azandyklary üçin olary ýok edipdi. Hezreti Adam ata bu ýaradylyşlaryñ ýedinjisi bolup, siziñ nesliñiziñ atasydyr. Men bolsa öñki nesillerden galan biri diýdi''.
Ýogsam bu aýdylanlar düşündiriş talap etmeýärmikä?

Ergün Jandan

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir