Omar urşa ugrajak bolup durka, dört çagasyny daşyna üýşürip kemşerip duran aýalyna:
-Bujagaz garaja kelleleri hor edäýme, Gülendam! – diýdi. Yzyndanam gelniň gabaryp görünýän
göwresine gözi bilen ümläp şadyýan ýylgyrdy. –Işallasa, ýene-de köpelersiňiz, onsoň-a aladaň
hasam artar.
Gülendam: «Horlaman» diýdi-de, ärini gujaklamaga ejap edip, ýanbaşyna göterip duran çagasyny
bagryna basdy. Ogşady. «Sag aman geliň!» diýdi. Başga diýere söz tapylmady. Hoşlaşdylar.
Uly iliň başyna düşen kyn pursatly agyr ýyllar başlandy. Omaryň gidenine dört aý diýlende
Gülendamyň ekiz ogly boldy. Alty çaganyň keşigi tejribesiz gelniň ýeke özüniň başyna düşdi. Iki-üç
ýyl nägerek-eýle dyrjaşdylar. Şu soňky gyş welin...
...Çakyr aýazly şol gyşyň gelmegi bilen urşuň ýowuzlygyndan ýaňa halys tapdan düşen hojalyklara
açlyk aralaşdy. Gülendam ýaly çül-çagaly hossarsyz aýallaryň başyndan bolsa agyr synaglar indi...
Bu wagt indi ekizler Kowus bilen Kyýasam «eje nan» diýmäge ýarapdylar. Saçakda welin şol arzyly
nan ýokdy. Ine, indi telim günden bäri çagalarynyň «na-an, na-an» diýip, üznüksiz iňňildeşýän
sesleri Gülendamyň bagryny gara suwa dönderdi. Hersiniň ýanyna bir baryp, uzak gijäni
zowzuldap geçirdi. Öz açlygy ýadyna-da düşmedi. Bularyň halyna duýgudaşlyk edýän ýaly, uzak
gije daşardan gyş şemalynyň zaryn şuwwuldysy eşdildi durdy. Daňa golaý gar ýagyp başlady.
Ertesi goňşulary Sapar aga iki öý arasyny gardan arçap ýol ýasady. Gulendamyň halyndan habar
aldy. Bir topar çaganyň açlykdan ejir çekip ýatyşlaryny görüp, gojanyň gözüne ýaş aýlandy.
«Biziňem ýagdaýymyz öwerlikli däl» diýdi-de, gidip öýünden ýartydan ulurak gyzdyrma getirip
berdi. Alty çaganyň hersine bir dişlem ýetdi. Aňyrsy aldanan çagalar öňküdenem beter nan dileşip
başladylar. Sapar aga damarlak ellerini serdi: «Wah, ýok-da! – Ol başyny ýaýkap, Gülendama
duýgudaşlyk etdi. – Seňki kyn, gyzym. Çagalaryňam ýaş özüňem ýeke. Hiç kime-de aňsat däl
welin... Häýt, Ärnazar bir basym geläýse, oba şuňňaly gaty gytçylyk düşende bäş-on gün o ýan, bu
ýan ulag alyp giderdi-de, tapyp geläýerdi bir zatlar. Ýeri ýarýamy, gögi dilýämi, bilmersiň» diýip, üç
aý bäri merkezi keselhanada syrkaw ýatan kolhoz başlygyny ýatlady.
Sapar aga gidensoň Gülendam ekizleriň biri Kyýasyň ýüzüne çiş ýöräp başlandygyny duýdy.
Xopukdy. Hasyr-husur Sapar aganyň eşegini diläp aldy-da uluja ogly Akmämmedi şoňa mündürip
goňşy obadaky daýysynyňka dilege iberdi. Aýaza saň-gaty bolup, agşamaralar dolanyp gelen
oglunyň goltugynda ýekeje kädiden başga zat görmänsoň ojagaz umydyndanam el üzdi. «Daýym
şuny gaýnadyp iýäýmeseňiz başga zat ýok diýdi» diýen oglanjyk sowuk pejiň aňyrsyna geçdi-de,
sessiz-üýnsüz süýndi ýatyberdi. Uzyn gije samrady. Gyzdyrdy. Gülendam kadiniň ýarsyny
gaýnadyp çagalaryna iýdirdi. Olam nanyň ýerini tutmady. Ertesi irden turan badyna Kyýasyň
ýüzündäki çişiň endamyna ýaýrap başlanyny gören Gülendamyň zähresi ýarylara geldi. Agşamky
ýatyşyndan galman ýatan Akmämmede:
-Jigileriňe häzir bol, oglum! – diýdi-de, özi howlukmaçlyk bilen orunbasary görmäge, kontora gitdi.
Ärnazar aga ýaly dogumly bolmasa-da, ýüregi ýuka, ýetim-ýesire mährem Allaguly aga
Gülendamyň näme uçin gelenini eşidenden ýeke elini galgadyp, jöwrenip başlady.
-Ýoklugy-ha çyn, Gülendam. Ysgylatda-da ýokdur. Ärnazar gelmese men-ä nätjegimi bilýän
däldirin. Döwledem kömek berýä welin, şu aždarha ýuwdup ýatyr-da bar zady. – Ol şeý diýende
gunbatara tarap elini salgady. – Ýöne kömek ederis. Etmeli bor. Ýok welin, tapmaly bor.
Frontçylaryň çagalaryna hökman kömek etmeli. Bir gysymdan ýygnarys welin taparys. Sen öýüňe
gaýt! Öýlän men özüm ibärin. Az-köp diýme, gyzym!
Oýlänara Gülendamyňka Allaguly aganyň özi geldi. Ýüzüni sallap iç işikde oturşyna, goltugyndan
çärýek nan çykardy:
-Sen şuny bir al, gyzym! Obany ters aýlandym. Hemmelerem «meni gör-de, seni gör». Şu ýerden
turşuma Ärnazaryň ýanyna gitjek. Bir alaç etmesek halk gaty horlanýa. Oba arasyna agramçylyk
duşjek. Işanguly agaň aýaly pahyram ýogalypdyr. Mätjan keliňem endamy çişip ýatyr. Sen, gyzym,
ýene-de bäş-üç gün gaýrat et!
Allaguly aga turup gitdi. Gülendam onuň getiren nanyny galanja kädi bilen çagalaryna iýdirdi. Ol
gije-de şeýdip geçdi. Ertesi ýene-de ajykdylar. Gülendam uruna-uruna halys nätjegini bilmän, ädimlerini zordan ädip, özüniň hem, Omaryň hem deň-duşy, skladçy Hekimberdiniň ýanyna gitdi.
Onuň ýüregine rehim geler öýdüp, jany-teni bilen ýalbardy. Gülendamyň göwnüne skladda un bar
ýaly, eger Hekimberdi rehim etse, hemme zat düzeläýjek ýaly bolup göründi.
-Çagajyklarymyň endamyna çiş ýöräp başlady. Ajal ara düşjek bolup dur, kömek et! Omar gelse
ýagşylygyňy müň esse edip ýerine salar.
Hekimberdi tilkisirap gepledi.
-Wah, Gülendam, zat ýok. Ine, ysgylat, gir! Tapsaň, özüňki. Bolsa, men nä... Ýanyja Gurt agaň
agtygam gelip gitdi. «Enemiň ýylyny berjek, ýarmalyk zadyň ýokmy?» diýip. Ýok-da! Nädeýin?.. Zady
bolsa, kolhozyň özi gizlejekmi sizden...
Özi welin «ger-ger» gägirip durşuna gözüni Gülendamdan aýyrmady. Gülendam ýene ýalbardy.
Naçaryň boýun burup gelmeginden onuň halys ejizländigini bilen Hekimberdi gözlerini
oýnaklatdy:
-Kim saňa ysgylatda un bar diýip iberýä?
-Hiç kimem diýenok. Ýöne hemişe şundan alamyzsoň şunda bar ýaly bolup dur göwnüme.
-Göwnüňedir ol!
-Aňrujy ýagdaý bolsa-ha...
-Wah, ýok-da!
Gülendamyň gözi garaňkyrady. Ýykylaýmakdan gorkup, duran ýerinde aşak çökdi. Ýüregi akyp
baransoň halys gurbaty bolman, iki elini hem ýere diräp, aýak üstüne galdy. Yraň-daraň edip
zordan öýüne ugrady. Yrgyldap gelşine öýündäki çagalaryny ýatlady. Baransoň olaryň öňküdenem
beter ulalan gözleriniň boş ele düşjekdigini ýatlap, hasam gynandy. Öýüne gelensoň öňňinden bäri
galman ýatan Akmämmediň turup oturanyny görüp, az-kem begendi. «Gutuldyňmy, oglum?!»
diýdi. Akmämmet ýarty nany jigilerine bölüp berip oturşyna: «Me, eje, senem şujagazy iý, ýaňy
daýym getirip gitdi» diýip, ejesine dört barmak ýaly nany uzatdy. Dokuz ýaşlyja oglunyň uly adam
ýaly bolup oturşyny görüp, Gülendamyň göwni galkdy. «Jigiň ýüzündäki çişler köpeläýipmi» diýip,
bir towsanda çagasynyň üstüne howala boldy. Elläp gördi. Çagasynyň buz ýaly bolup galan
endamyna eli degenden: «Waý, işim gaýtdy-eý, balam-e-eý!» diýip uly ili bilen gygyrdy. Akmämmet
gulagyndan çekilen ýaly bolup, zöwwe ýerinden galdy. Tasap öýden çykdy-da, Sapar agalara tarap
ylgady. Çagalaryň beýlekileri bolsa, näme-näme bolanyny hem aňşyrmadylar. Ýöne, ejeleri ýer
dyrnap bagyryp ýatansoň olaram ugrubir aglaşdylar.
...Şondan soň üç-dört gün geçdi. Ara-çola döwüm-dişlem nan tapdyryp duran hem bolsa mähriň
ganar ýaly zat dişe degenokdy. Oba arasynda: «Pylanynyň ýüzüne çiş ýöräpdir, pylankes açlykdan
ölüpdir» diýen ýaly gürrüňler seýrek hem bolsa eşdilýardi. Kyýasjygyň jaýlananyna dördülenji gün
diýlende Kowusyňam ýüzi çişip başlady. «Bagtym ýatdy, bu-da gitjek! Ýeke-ýeke gidibirmikä
bular?!» diýip, Gulendam zary-girýan aglady. Muny görüp Akmämmedem aglady. Beýleki üçüjigem
aglaşdylar. Akmämmet: «Eje, gar eräp ugrady, kürüm gözläp geleýin, düýn Mäligem tahýasyny
dolduryp getiripdir» diýdi. Gülendam hossar tapynan dek begendi. Aglamasyny goýdy. «Gidäý,
oglum, ýarasaň, belki, hudaý namarda zar etmäýedi-dä» diýdi.
Akmämmet kürüm köwlemäge gitdi. Syçanyň kürümini. Öýlänler zire-zire bolup duran arassa
bugdaýdan etegini doldurup geldi-de: «Eje, sen muny bişirde jigilerime beriber, men ýene getirin»
diýip, özi yzyna, kürüm köwlemäge gitdi. Garaňky düşüberende ýüzüni gök-dalak edip, boş gaýdyp
geldi. Ysgynsyz seslendi. «Ýaňkydan maňa goýmadyňmy, eje?» Gülendamyň bagry para-para
boldy. «Wah, jan oglum, men guraýyn, ýene getirin» diýeňsoň, doýsunlar diýip baryny beräýdim-
dä jigileriňe. Akly ýeten çaga dawa-jenjel etmedi-de, oturan ýerinde içini tutup bir gapdala
gyşaraýdy. Uzak gije aç ýatdy. Ertesem şol açlygy bilen turdy-da, ýene kürüm köwlemäge gitdi.
Ýene-de boş geldi. Oňa çenli kiçilerem: «Nan-da nan» bolşup, yzlaşyp başladylar. «Beýder ýaly biz
hudaýa näme ýamanlyk etdikkäk?» diýende, Gülendamyň bokurdagy doldy. Donunyň ýeňinden
çykaryp, çagalarynyň hersine bir sany sök berdi.
Akmämmet:
Söki nireden aldyň, eje? – diýip gultundy.
Sapar aga getirip berdi ýaňy, sen ýokkaň. O bendä-de aýakbagy bolduk. «Şujagazyňy bir
aldyraýma» diýip gitdi ýaňam. Muňňam-a çişi gaýdarlykly däl. – Ol ýene-de bir söki Akmämmede
uzatdy. – Sen oglum, şujagazam jigiňe ýumşadypjyk iýdir, men orunbasar gelmedimikä, bir görüp
geleýin. Senem-ä düýnden bäri duz dadan delsiň.
-Men hiç-le! – diýip, Akmämmet çişip ýatan jigisine seredip aglap goýberdi.
Gülendam kontora baryp orunbasary sorady. Oňa Allaguly aganyň şol gidişidigini, özüniň welin juda paltasy daşa degäýmese aňsat boş gelmejekdigini aýtdylar. «Ol-a bolaýypdyr» diýip, bir bada
begenip gaýtsa-da, özüne iýer ýaly zadyň şu gün, häzir gerekdigi ýadyna düşüp, ýüregi süýşen ýaly
boldy. Ikinji çagasynyň hem elden gidip barýandygyny ýatlanda süňňi elendi. Ol öz işigini ýaýdana-
ýaýdana zordan açdy.
-Jigiň nähili, oglum? – diýip, Akmämmetden gorka-gorka sorady.
-Ýatyr öz-ä. Sökem ýumşadyp berdim. Hezil edip iýdi.
Bor oglum, demi bar bolsa bolýa. Gelýänçäm gara janym galmady. Ertire bir çykaly hany.
Ysgynsyz aýaklary ony ertir ýene-de Hekimberdiniň gaşyna getirdi.
Skladda dogrudanam zat ýokdy. Bolaýanda-da oň ygtyýary Hekimberdiniň elinde däl. Aňyrsynda
bir zady bolsa ony Hekimberdiniň aýdyşy ýaly kolhozyň özem ile paýlajak. Ýöne Hekimberdi
Gülendamyň horlanýanynam, halys ugur tapman, öz ýanyna gelýäninem bilýär. Ol şu pursatdan
peýdalanmak isledi. Şonuň üçinem: «Ind-ä çykalgasy galan däldir-dä» diýip, oýlandy-da, ýüzüni
ýerden galdyrman durşuna, halal maşgalanyň elýetmez şahasyna dil ýetirdi. Özem ol muny şeýle
bir bihaýalyk bilen syrtarylyp aýtdy welin, gahardan ýaňa ýüregi ýarylara gelen päkize maşgala
gapanyň üstünde duran çekim daşyny alaga-da Hekimberdiniň depesinden inderdi. Degmedi.
Tacap daşaryk çykdy. Kürtdürdi. Ajyndan ölen Kyýas, çişip ýatan Kowus boýunlaryny galdyryp
bilmän, içerde pytraşyp ýatan gara kellelije çagajyklary göz öňüne geldi. «Kyýas jany Omar görüp
bilmedi. Kowus janam görüp biljek däl öýdýän» Gülendam aýaza galdyrap durşuna nätjegini
bilmän ýaýdandy. Hekimberdiniň haýasyz keşbi göz öňüne gelende: «Çagalarymy gujaklap aç
öleýin welin...» diýip gözünden ýaş dökdi. Käte bir ädim ädip barşyna skladyň daşky derwezesine
ýetip haýaty yklap durdy. Pikir etdi. Içinden geçip barýan aýaz naçar maşgalany egreýdip, alyp
barýardy. «Ärnazar aga ertir geläýende-de, Kowusjygyň ertire galjagyna ynamy bolmadyk
Gülendam bagryny elek edip yzyna döndi. Bagyr awusy gitmedik gelin ertirem Kyýasyň taýyny
jaýlamaly bolaýmagynyň ahmallygyndan ýaňa näderini bilmän gözünden ýaşyny saçyp sklada
ýaňadandan girdi. Özünden öňürti köwsarlap içeri giren gyş şemalyndan hem sowuk ýüzüni
ýerden götermän dillendi:
-Kyn söwdany meniň başyma salma, jan dogan! Erte Omar gelse...
-Wah ýok-da, Gülendam!
-Onda nä...
-Aý, gaty zerur bolsaň öýdäkiden bäş-üç kilo... getirip beräýmesem.
-Gaýrat et, jan dogan. Ärnazar aga gelse, üzeýin – diýip, Hekimberdiniň ýüregine rehim
gelendigine begenen Gülendam göz ýaşlaryny süpürdi. Begenjine eýýäm onuň ýaňky gödekligini
hem bagyşlady. Ýigrenjiň ornuny minnetdarlyk eýeläp ýetişmänkä, köw-söw edip duran
Hekimberdi buz ýaly sowuk sözlerini şagyrdadyp gelniň öňüne dökdi.
-Nememi osoň, nähili, ýaňky aýdanmyz boljakmy osoň?
Aç gözlerinde gazap ody täzeden ýanan gelniň göz öňüne ýene-de çişip ýatan çagasy geldi. «Asly
toprakdyr şuňňam, erär-le» diýip, ýene-de birmeýdan Hekimberdä ýalbardy. Hekimberdiniň şeýle
agyr sözlerini eşidip, çekip durup bilşine özem haýran galdy. Halys bolmansoň ysgynsyz, ýöne
ýürekden syzdyryp şeýle diýdi.
-Sen ýalkanmarsyň, Hekimberdi! Sen ýalkansaň men hudaýdan närzadyryn...
Hekimberdiniň sesi güňleç çykdy:
-Ýok-da!
Gülendam çapgyn şemala duwlanyp öýüne geldi. Garaja kelleler yrgyldaşdylar: Ejeleriniň iki
eliniňem boş gapydan girenini görüp barmajyklaryny sormaga başladylar. Gülendam bu boluşda
uzak oturyp bilmejegini bildi. Sandygy açyp, gymmat bahaly şaý-sepinden näme galan bolsa bir
ýaglyga düwdi-de, gelen yzyna tarap gitdi. Öz-özüne göwünlik berdi. «Bolmaly. Heý ysgyladam bir
boş bormy. Ol elindäki düwünçegi Hekimberdiniň öňüne oklady. Hekimberdi gözüni tegeledi.
-Bu näme?
-Şaýlarym. Gyzkam dakynan ysyrgamam, şakäkilimem şunuň içinde. Hemmesinem alaý. Bir
bişirlik berseň bolýa. Un bolsa-da, bugdaý bolsa-da. Ertire çyksak bolýa. Belki ertir geleýädi-de
birinden biri.
Hekimberdi sowuklyk bilen şaýlary elleşdirdi.
-Ýadyma düşýä. Şuny dakynýanyňy bilýän. Gyzdyň sen o wagtlar. Owadandyň. Sen şumadam owadan. Soňra ol ýaglygy emaý bilen düwdi. Yzyna uzatdy. – Me, ýygna. Kolhozyň maly men öz
zadym däl. Onsoňam aýtdym-a ýok diýip. – Hekimberdi ýüzüni kese sowdy. – Bir käse ýaly sary
ýag-a bar. Bugdaýam özümiňkiden beräýmesem...
-Karz beräý! Şularam al! Hem-ä şulary bereýin, hemem alan karzymy üzeýin. Şu gun-erte oňňut
bolsa bor. Ärnazar aga...
-Özüň razymy osoň?
-Karzamy?
-Ýaňky aýdanma? Gorkma, hiç kim bilesi ýok.
Gülendam ýüzüni tutup çykyp gaýtdy. Çagalar ejeleriniň elindäki düwünçek çöreklidir öýdüp ýerli-
ýerden topuldylar. Şagyrdaşyp ýatan gymmat bahaly bezegler bir döwüm çöregiň ýerini tutmady.
Gülendam seretse, Kowusyň çişi köpelipdir. Birhili ýüzi gögerenem ýaly. Akmämmediňem haýy
gaçyp barýar. Ortaky üçüjigi-hä nämuçindir başlaryny ýerdenem göterenoklar. Käte bir gözlerini
açýarlar-da, ýene yatyberýärler.
Akmemmet ýatan ýerinden çalaja pyşyrdady:
-Eje, Sapar aganyňam ýüzi çişipdir. Ýaňy agtygy gelip gitdi. «Gülendam tapan bolsa iki barmak
yalyjak nan bersin, dadyp bir öleýin» diýipdir.
Gülendam içigip, içigip aglady. Göwnüni bire baglap ýerinden turdy. Kimdir biriniň öňünde özüni
aklamakçy bolýan ýaly, dik duran ýerinde kükregine uruplar aglady:
-Nädeýin-dä! Nädeýin onda men?! Gyraýynmy bulary?
...Bir zatlara güýmenen bolup duran Hekimberdiniň ýanyndaky iki-ýeke adamlar gidişýänçä,
Gülendam daş işikde aýaza gernelip garaşdy. Hiç kimiňem arkasy haltaly çykmaýanyny görüp
uludan demine aldy. Sklady ýapjak bolup durka muňa gözi düşen Hekimberdiniň: «Maňa
garaşýaňmy, Gülendam?» diýenini eşidip, gabaklaryny götermän, çalaja baş atdy. «Çaga-ha gidip
barýa» diýip delmurdy. Gulpa sokan açaryny towlajagyny, towlamajagyny bilmän duran
Hekimberdi syrtyny bir gapdala burdy. Ýüzüni eňşetdi.
-Ysgylatda-ha, Gülendam ýaňky aýdanym, ýel öwüsýä. Bersemem çagalarymyň agzyndan kesip
özümiňkiden beräýmesem... Biziňkilerem özüň bilýäň, az-küş däl. Gaýnymam meňkide. Gahatlyk
ýeke seň başyňda däl. Çyda! Ärnazar aganyň ýanyna giden bolsalar oň özi bir ýol salgy biýr-dä.
-Wah, maňa şu gun gerek, şu wagt, şu pursat gerek. Duýnkijämiň mazary kepänok, beýlekimem
çişip ýatyr. Onymam öljek. Çagajyklarym gidip barýa ýeke-ýekeden. Näme diýseň kaýyl boldum,
indi bir boş goýberme, zalym!
Hekimberdiniň gözleri ýiteldi. Ýaş balasyny gorap, özüni oda-suwa urmaga taýyn bolup duran
bürgüde meňzeş bu gelniň halyna gynanjak boldy. Ýene-de isleg ökde çykdy. Ýuwdundy. Çalaja
seslendi:
-Bärik geçäý onda!
Hekimberdi sklady daşyndan gulplady-da, Gülendamy arka ýüzündäki gapydan saldy. Özem girdi.
Gapyny içinden ildirdi. Sessiz-üýnsüz dowam hysyrdylardan soň agyr söwda başlandy. Gara el ak
gerdenden ötdi. Gülendam yzyny üzmän aglgap ýatyşyna Hekimberdiniň demi ýüzüne urandan,
sesini kesdi. Onuň iki görejine gazap bilen dikanlady. Göreçlerden uçgun syçrady.
-Bu güzer seň injek güzeriň-ä däldi welin... – diýdi-de, yzyny aýdyp bilmän eňräp goýberdi. – Bol
basym, çagam ölmänkä öýe bir ýeteýin!
...Ýüzüni hüýt-gara edip, Hekimberdiniň uzadan düwünçegini goltugyna gysyp, üstündenem hiç
kim görmez ýaly donuny büräp, yrgyldap barýan Gülendamyň häzir ýeri-gögi saýgaranok. Onuň
aňynda diňe «Kowus jan ölmäge ýetişmedik bolsa ýagşydyr» diýen oý bar. Öýe gelensoň ol görgüli
çagasynyň diridigini görüp begenibem bilmedi. Işikden ätländen Akmämmet böküp öňünden
çykdy.
-Eje, ýanyja Allaguly aga gelip gitdi. Ine, ýarty halta unam getirdi. Ýene bir hepdeden Ärnazar
aganyň özem geljekmiş. Hemmelere-de bugdaý berjekmişler.
Ozalam ümürde ýöreýän ýaly äm-säm bolup gelýän Gülendamyň iç işikde duran ýarty halta uny
görüp, barja ysgynam gaçdy. Haltany sypaň-sermeň eden boldy. Maňlaýyny bogdagy çözülmedik
halta diräp, demi-demine ýetmän aglady. Goltugyndaky düwünçegi çagalarynyň göräýmeginden
gorkup, saňňyl-saňňyl edip ýerinden turdy. Şol turşuna telim ýola gatnap torç eden ýoluny şor
ýaşy bilen eze-eze sklada bardy, goltugyndaky düwünçegi çykaryp, henizem bir zatlara güýmenen
bolup duran Hekimberdiniň öňünde goýdy. Göwni bir ýaly parhsyz gepledi.
-Men-ä ýulunmaza gitdim welin, herne hudaý neresse çagalara haram aşy rowa gormändir. Ejiz
boldu-m... Aljyradym... Şu gara kelleler diýip... Wah garamaňlaýym!
Ol gazap bilen düwünçegi silkip goýberdi. Düwünçekden şagraşyp dökülen sübse darylaryny
görüp, Gülendamyň dili tutuldy. Gözüniň öňi ümezläp, injikleri saňňyldady. Ýykylmazlyk üçin
ganatlaryny ýaýdy.
Ol soňky gezek öýüne gelende iňrik garalyp ugrapdy. Haltanyň bogazyndan ellerini sokuşyp, un
iýip, ýüzlerini ak urba edişip oturan çagalarynyň seredibilmän, galpyldap, aýak üstünde kän durdy.
Ölesi geldi. «Wah, ýetişjegem ekenler» diýip, köňlüni daglaý-daglaý halys ýere siňdi. Kem-kemden
endamynyň hapasy köpelip barýan ýaly, töweregine çalt-çalt garanjaklady. Suw ýylydyp ýuwundy.
Oň bilenem synasy päk bolmady. Gulagyna kimdir biriniň, ýöne Omaryňky-ha däl, sesi eşidildi,
«Indi nädip ile görünjek?» Gülendam gyssanjyna özüni aklajak boldy. «Il bilenog-a!» «Il aýnaňdyr.
Muny il-ä däl, derýadaky balyklaram biler. Çagalaryňy gujaklap şehit ölen bolsaň abraýyň artardy
Merdiň jaýyna namardy salandan-a...» Iň ýamany şondan soň boldy. Işikde hakyt Omar peýda
boldy-da, Gülendamyň üstüne direndi duruberdi. «Heý, Gülendam, beýdeniňden-ä
hemmejesinem eltip gara ýere duwlan bolsaň, gowy bolardy!» diýdi. Başyny ýaýkaý-ýaýkaý
götinjekläp çykyp gitdi. Gülendam: «Dur!» diýip jynssyz sesi bilen gygyrdy. Omar başyny ýaýkady.
«Durarlyk galan däldir». Kelebiň ujuny ýitiren gelin äriniň yzyndan ellerini serip, gözünden boýur-
boýur ýaş dökdi. Ysgyny gidip ýykyldy. Şol ýatyşyna ýarym gijeler üşäp oýandy. Turup peje ýalaňy
odundan salyp öýüň içini birazajyk ýylatdy. Daň atmanka çagalaryna bulamak bişirip berdi.
Unaşam bişirdi. Sapar aga-da bir käse aş iberdi. Pytraşyp ýatan rapa kelleler dikeldiler. Öýüň
içinde hereket başlandy.
Şondan soň bir hepde geçmänkä Ärnazar aga gutulyp geldi. Halk ýeňillik bilen dem aldy.
Bu habara hemme begense-de, Gülendam begenip bilmedi. Ol indi hiç zada begenip hem bilenok,
gynanyp hem. Ol gije-gündiz bir zada, urşuň gutararyna, Omaryň oba gaýdyp gelerine garaşýar.
Bahar gelip, töwerek al-elwan öwsen mahaly, sapaly bahar bilen bile uly iliň uzak ýyllar garaşan
ýeňşi hem ýetip geldi. Gerçek ýigitlerin, ner atalaryň birnäçesi jeň meýdanlarynda müdimilik
galdylar. Ölmedikleri bolsa başlaryny dik tutup, är kimin öýli-öýüne gaýdyp geldiler. Ýüzünden nur
saçyp, Omaram geldi. Çagalaryny bagryna basyp öwran-öwran ogşady. «Hany, ekiziň taýy şümi?»
diýip, ajalyň agzyndan sypyp galan Kowusjygy eline alyp telim gezek bökdürdi. Gülendama
göwünlik berdi:
-Beýlekini aldyrdyňmy? Zyýany ýok, gamlanma. Galanam bor. Şularyň jany sag bolsun. Hany, özüň
nähili? Ynjaman, agyrman otyrmyň?
Gül ýüzi bir eýýäm solan Gülendamyň bolsa, ganaty döwülen guş ýaly şol bir ýygrylyp oturşy. Edil
doňdurylan ýaly. Omaryň gözüne-de seredip bilenok. Aglaýar. Omar bolsa hiç zat aňanok. Şol
pessaý-pessaý gürläp otyr.
-Goý aglama. Ine, hudaýa şükür, abraý bilen duşmany ýeňdik. Sag-aman siziň araňyza gaýdyp
geldik. Senem, tüweleme, çagalara är kimin seredipsiň, ekläpsiň...
...Çagalar gaty giç ýatdylar. Jürrüldeşip halys ýadansoňlar ýatdylar. Gülendam düşek saldy-da,
daşky eşiklerini çykaryşdyryp oturan adamsyna:
-Omar, hol sandykdaky ýaşyl elbukjaň içinde bir hat bardyr. Sen prontdakaň birinden gelipdi.
Menem ýygşyryp goýdum. Şony oka, oňa çenli menem bir daş çykyp geleýin... – diýdi.
Omar sandygyň üstündäki ýorganlary aýryşdyryp, haty tapýança esli wagt geçdi. Daşy bukjasyz,
dört eplenen kagyzy açdy-da, okap başlady.
«Omar, altyn gapyň açyldy. Kümüş uýanyň üzüldi. Şir awuna şagal degdi. Seniň bilen bir düşekde
ýatmaga meniň hakym ýok. Şu gara kelleleri ölümiň agzyndan alyp galjak bolup, seniň tylla käsäň
bilen özgä suw içirdim. Günämi bilýän. Şoň üçinem gidýän. Kyýamat magşar güni gabat gelseň,
meniň ýüzüme otly kesindini basarsyň. Senden bir haýyşym bar, olam bolsa özleri üçin ejeleriniň
şeýle pes güne düşendigini çagalar bilmesinler. Ýene bir zat, onam aýdaýyn. Çagalaryň şol haram
aşy iýen däldirler. Olar arassadyrlar. Nädeýin, ejiz boldum, başym egildi, pudagym döwüldi. Indi
özüň geldiň. Çagalary hor etmersiň...»
Omar ylgap daşary çykdy. Birdenem bir zat göwnüne gelen ýaly işiklerindäki eşegarka kärsäp
urdy. Ortarada sallanyp duran aýal göwresine gözi düşenden, depe saçy düýrükdi. Çözlenen gara
saçlaryň şemalyň ugruna tar-mar bolup ykmasy, aýyň şöhlesi çala düşýän garaňky ýerde hasam
perişan bolup görünýärdi. Omar bir bada nätjegini bilmän ýaýdandy. Ýaňyja sowap başlan
göwräni sesini çykarman, emaý bilen çözüp aldy. Usullyk bilen gujagyna gysdy. Aý ýagtyda gapysy
garalyp görünýän öýüne öwran-öwran seretdi. Ýaňyja-da ene-atasynyň arasynda jürrüldeşipjik
oturan jüýjejikleriň eýýäm enesiz galandyklaryna ynanasy gelmedi. Çagalarynyň ýetim günleriniň
başlanmagyny hiç bolman ertire çenli bir uzaltmak isleýän ýaly, öýe-de girman, goňşularyna-da
duýdurman, baharyň mymyk howaly bu hoştap gijesini, jebri-jepalara göýdük bolan kembagt aýalynyň başujunda oturyp geçirdi. Şol gije ol dört ýylky çekmedik jebrini çekdi. Içinden bolsa şol
bir sözi gaýtalady oturdy: «Beýdäýmelem däl ekeniň, Gülendam! Bir topar garakelleleri ýetim
goýmaly däl ekeniň. Maňa görä-de bulara sen has gerekliräk ahyry! Oňarmansyň, Gülendam! Edil
beýdäýmeli däl ekeniň. Şular üçin ýaşabermeli ekeniň-ä... Oňarmansyň...»

Edebiýat, 12 tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir