Ayralyk azabyn çekip dostlarym, Gaygyly men,bilyan onyn sanjysyn. Söyga yuregimi yakyp dostlarym, Duydym ayralygyn gaygy-unjisin. Ilki Watan diydim,sonra dost-yarym, Enen-atan yoklygyny duydym men. Yanymdan ayrylmajak yalydy, Chyn yurekden gulmegi-de goydym men. Okuw diydim galdym Watandan jyda, Yat yurtda yalnyzlyk,chekildi jepa, Kuysap topragymy,obamy juda, Yatda sapa dal-de,yurdumda geda, Bolsam armanym yok ey beyik Huda. Sonra tapdym durmyshymyn bezegin, Beyan etmek kyndyr yurek duygymy. Aytsam yurek soygim mun goshga sygmaz, Aldy ol bir salym yurek gaygymy. Hachanda uchara munjek mahalym, Yuregim sogrulyp galdy elinde. Yarym yyllap goyup gityan soygimi, \"Tabshyrgyn yuregmi mana gelemde.\" Sheyle agyr adilyardi ayaklar, Barlagdan gechemson bakdym yzyma. Saryja koynegin yrapjyk baryar, Goshup gozyashymy yurek sazyma. Janym bir pursatlyk bakayda yza, Yene bir minutjyk galsam yanynda. Wagt gechip baryar bermeyar rugsat, Shol wagt azalan yaly janym-da. Gunler geler,galar ahlisi yzda, Diyip bu kalbyma beryan govunlik. Allam men yanymda bolan mahaly, Ensalla hemmesi bor gulala-gulluk.

Köneler, Lider tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir