Ene atadyr başyň galasy,
Şol galanyň gadryn bilmediň gyzym.
Moda diýýäň zat başyň belasy,
Öwüt nesihatym almadyň gyzym.

Dodagyň gyrmyzy gözüňde sürme,
Dyrnagyň hynaly saçyňy bürme,
Göwräňi gujaklap köçede durma,
Diýsem söze gulak salmadyň gyzym.

Sagadyň dakynyp akja bilege,
Kyrk diş halkany asyp gulaga,
Joraň bilen münýäň ýeňil maşyna,
Suw siňekden çykan bilmediň gyzym.

Düwünleri çözjek boldum çiginmi,
Mise döndüň owal gyzyl kümüşdiň,
Nirede otlap nirede suw içdiň,
Näçe gün garaňy salmadyň gyzym.

Il içinde ar namysyň har boldy,
Ne sebäpden giň köýnegiň dar boldy.
Näletkeş ýigidiň haýsy saňa är boldy,
Geljegiňňe geljegiňňi ýadyňa salmadyň gyzym.

Haram läşiň şagallara şam bolsun,
Emen süýdüň owurdyňda gan bolsun,
Ene süýdüň ýer astynda san bolsun,
Indi gaýdyp oba gelmegin gyzym.

Awtory näbelli.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir