114 ÝAŞLY KÄRIZ.
Gadymy taryhy çeşmelerden belli bolşy ýaly eziz Diýarymyzyň dag eteklerinden çeşmeleriň gözbaşynyň amatly ýerleri seçilip alnypdyr. Şol ýerden hem ýerasty kärizler gazylypdyr. Kärizler ilaty agyz suwy hem-de keremli toprakdan guşgursak ak bugdaýyň, arpanyň, jöweniň bol hasylyny almaklyga niýetlenipdir.
Suw ynsan üçin ýaşaýşyň gözbaşy. Ata-babalarymyzyň muňa doly göz ýetirip, suwy gözüň göreji dek aýawly saklapdyrlar.
Deňiz derejede 345-350 metr beýiklikde ýerleşen gadymy (Guşgy galasy) häzirki Mary welaýatynyň Serhetabat etrap merkeziniň gündogar tarapyndan 1905-nji ýylda düýbi tutulan käriz 114 ýyldan bäri ilata hyzmat edip, ýaşap gelýär.
“Öz akan ýerinden akarmyş aryk” diýip pederlerimiz ýöne ýere aýtmandyrlar. Gowgaly wakalary başdan geçiren gojaman käriziň suwy egsilenok. Häzirki wagtda etrap merkeziniň 673 hojalygyny azyk suwy bilen üpjin edip gelýän käriz gije-gündüziň dowamynda 240 kub suwy çykaryp bilýär. Kärizden akyp gelýän suw beýikde ýerleşen 2 sany 500 kublyk howza guýup, ilaty üznüksiz agyz suwy bilen üpjün edip bilýär. Ýerli ilat bu kärize “Bereket çeşmesi”, “Keremli käriziň keramaty” diýýärler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir