''NLO barmy ýa-da ýok!?''

Ýañy-ýakynda merkezi gazetlerde Wologda oblastyna Harowskiniñ etegindäki Kanonsewo obasynyb golaýynda kümüşsowult NLO-laryñ eskadrilýasynyñ gelendigi hakyndaky şow-şowly habarlar peýda boldy. Şol korabllaryñ uzyn elli, kellesiz, göwresi ýerlilere meñzeýän çlenleri özlerini örän erkin alyp barýardy. Başga planetadan gelenleriñ biriniñ göwresi şol ýerde tötänden peýda bolan gyzyl ýaglykly aýalyñ göwresi bilen gabatlaşanda olaryñ ikisi-de birden gözden gaýyp bolup, zym uçýan ýaly, birnäçe sekuntlyk ýitdi. Şondan azajyk wagt geçensoñ bolsa, ol aýal NLO-nyñ çleni bilen duşlaşan ýerinden ýüzlerçe metr añyrda birden peýda boldy. Ol aýaly nähili güýç beýle daşa zyñyp bildikä?... (Komsomolskaýa prawda 25.07. hem-de Trud gazetleri)
Kim bize anyk bir zat aýdyp bilerler?! Başga planetalylar bize geldilermikä? Ýa-da ýerdäki salgym ''fantomlar'' başymyzy gözümizi aýlap ýörmükä?
Ine bu barada SSSR Ylymlar akademiýasynyb alymlarynyñ dördüsiniñ pikiri:
Ýuliý PLATOW, SSSR Ylymlar akademiýasynyñ Ýer magnetizmi, ionosfera we tolkunlary ýaýradyp institutynyñ anomal hadysalary öwrenýän toparymyzyñ ýolbaşçylarynyñ biri:
ㅡ Bu gazet makalalaryna kommentariý bermek juda kyn. Olarda, hakykatda, hiç-hili informasiýa ýok. Onda hatda günüñ haýsy wagtydygy, NLO-laryñ haýsy ugra tarap uçandygy-da görkezilmändir.
Beýan edijilik, emosiýa, waka subýektiw baha bermek, gutulgysyz ýoýulmalar... Keseliñ özüni görmän, telefony nädip bejerip bolar?
Mümkin däl. Şu ýerde hem şeýle, örän anyk informasiýa çeşmesi gerek. Onsoñam şol ýere baryp görmek hajaty hem ýok, sebäbi gazet makalalaryndan başga habarlar gelenok. Şeýle bir ýagdaý bolup geçdi. Metbugatda hiç bir maslahatsyz, kommentarisiz makala çap edildi. Onda Amerikada heläkçlige uçran gumanoid ''Germes'' atly proýekte laýyklykda amerikanlar, raketada makan-rezuslary uçurupdyr. Elbetde, kähalat olar ýere gaçýan eken ㅡ bolany şol. Şowhun turuzmak nämä gerek? Makalany çap etmäge howlukman, Ylymlar akademiýasyna ýüzlenseler gowy boljak eken. Biz ''kim nirede bir zat aýdypdyr'' ýa-da ''ýazypdyr'' diýip ylgap ýörmekçi däl.
Waleriý ÇEÇETKIN. fizika-matematika ylymlarynyñ doktory M. W. Keldyş adyndaky amaly matematika inatituty.
ㅡ Geliñ añy örän ösen siwilizasiýadan soralyñ: olar özlerini görkezmek isleýärmi ýa-da ýok?! Eger-de olar örän ösen añly bolsa, özüni şaýady çagalar bolan hadysalar arkaly görkezmek nämä gerek bolduka? Olar gatnaşyk açmak islese, has ynamly tärler tapardy. Elbetde, biz dünýäde ýeke däldiris. Emma. Älemdäki añly ýaşaýyş hem beýle gür däldir. Bize ýygy-ýygydan myhmançylyga gelip durar ýaly. Kimdir birine bir zat görünse bolany däldir ahyry! Taryhdan Hristiñ halka görünmegi,keramatly gyz Mariýanyñ çopana görünmegi ýaly ýagdaýlar belli. Göwnüñde bolsa, köp zat görüp bolar. Adam nädip asmandaky ýyldyzlar toparyna şekiller görýär! Ýöne ýyldyzlar topluma-a... Bu ýönekeýje düşündirilýär. Biziñ ata-babalarymyzdan agaç şahalarynyñ arasynda töññe ''nämedir bir zat'' görüp, ony añynda ýolbars ýa-da gaplañ diýip kabul edip, aýagyna bat berenleri diri galypdyr. Goý, ol ondan dozuk gezeginde ýalñyşan bolsun. Emma ol aman galypdyr. Gözi bilen anyklap görmese ynanmaýanlar bolsa ''Aý ol şaha ýa-da ýapraklaý'' diýen bolup, ahyr netijede hem ýyrtyjylara şam bolupdyr. Ine, biziñ hem kalbymyzyñ jümmüşinde şeýle gorky galypdyr. Şonuñ üçinem bize her hili ''barabaşkalar'' görünýär.
Swýataslow LAWROW, SSSR ylymlar akademiýasynyñ habarçy çleni, amaly astronomiýa institutynyñ direktory (Leningrad)
ㅡ Men näbelli uçýan obýektler bilen gyzyklanmaýaryn. Muña şeýtana garaýan ýaly, garaýşym bar. Geçen asyrda adamlar şeýtana nähili ynanýan bolsalar, häzir hem olar NLO-lara şeýle derejede ynanýarlar.
Nikolaý KARDAŞEW, SSSR Ylymlar akademiýasynyñ habarçy çleni. Kosmiki barlaglar instituty.
ㅡ Ýerden daşardaky siwilizasiýalar bilen professional derejede gyzyklanýaryb. Ýöne bu habary ýoldaş Hazanow ýa-da ýoldaş Jwaneskiý kommentirlese gowy bolardy. Olar şol ýerde, hakykatdan-da, näme bolup geçýändigini aýdardy. Munuñ özi hemmämiz üçin örän bähbitli bolardy.
Ine, alymlaryñ pikirihä şeýle. ''Beýle zat bolup bilmez''. Eýsem halk asmanda näme görýärkä? Ýa-da olaryñ ählisi ýalan sözleýärmikä?

Materiallary çapa taýýarlan: Arazbaý Öräýew.
Ýaş kommunist: 15.08.1989 ý.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir