"Watan, şah damarymda, möwç urýan
duýgym"
(Goşgular toplumyndan)

W-atan atalarmyñ gany siñeni,
A-syrlar aşsada synman geleni,
T-añryñ ýerde-gökde goldap gezeni,
A-ryndan, namysdan öñe goýany--
N-amy dünýä dolan TÜRKMENISTANDYR.
18.07.17.

Watan-näme ?

Watan-näme ? Ýat illerde a:hyn çekenlerden sorañ,
Ýat ýurduñ nanyn iýip, gözýaş dökenlerden sorañ.
Bütin synasyny ugrunda goýan, esgerlerden sorañ,
Kalbyñyzyñ bir çüñkinde ýatan duýgulardan sorañ.

Parahat öwüsýän ýellerden sorañ,
Erkana yranýan güllerden sorañ.
Watan asmanynyñ nuryndan sorañ,
Asuda abadan ýyrdumdan sorañ.

Bir Watan aşygy.

Siñip gitsem owuç gumjagaz bolup,
Ägirtler mekany, ägirt diýarym.
Gam-gussadan nädip bilýärkä solup,
Señ saýañda saýalanlar diýarym.

Sanap bilmen bir-bir beýikleriñi,
Kalba-ylham, köñle-seýikleriñi,
..Oka dözmandim hiç keýikleriñi
Göz görejim başym täjim diýarym.

Sag bol, Arkadag!

Her bir jümlä biz ýaşlara görelde,
"Paýhas çeşmesine" sag bol, Arkadag!
Ajylyk ýok tukatlyk ýok bu ýolda
Mirasa sarpaña, sag bol, Arkadag!

"Könesi bolmadygyñ bolmaz täzesi"
Dünýä göz ýetirýär türkmen balasy.
Örñäp gözelleşýär türkmen ýaýlasy
Mirasa sarpaña, sag bol, Arkadag!

Ýurdum ösýär günbe günden ýylba-ýyl,
Çar ýanyñ lälezar hem-de täze gül.
Begenýä biz bilim boldy on iki ýyl
Ylyma sarpaña sag bol, Arkadag!


Nureddin Kesearkaçly

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir