Adam kelleli ýylan

Gadymy Mesopotamiýa mifologiýasyndan gözbaş alyp gaýdýan Şamar (ýylanlaryñ şasy) rowaýaty indi ençeme asyrlardan bäri birnäçe musulman halklaryñ ertekileriniñ esasy sýujeti bolup gelýär. Ertekilerem ertekidir welin, olaryñ käbirine ''Aý ertekile...'' diýibem geçibermelem däl.
Ynha golaýda edil şol ertekileriñ şamaryna meñzeş bir gorkunç jandanara Indoneziýada duş gelnendigi habar berildi.
Mifiki jinglot:
Malaý we indoneziýa halklarynyñ mifologiýasynda agzalýan täsin jandar jenglota ilkinji gezek Indoneziýada gabat gelindi. Indoneziýanyñ günorta-gündogar sebitindäki bir obada görnen täsin mahluk şol obanyñ ýaşaýjylary tarapyndan öldürildi.
Mifiki hekaýatlary we ertekilerdäki ýaly hem adama, hem balyga we hem-de ýylana menzedilen 15 santimetr uzynlykdaky gorkunç jandaryñ ýüzi we saçy adama çalym edýär.

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir