GYRYLAN GANATLAR


Ýigrimi ýaşymdakam ejem maňa şeýle diýipdi:
- Manastire girenligimde, hem-ä özüm, hemem töweregimdäkiler üçin gowy boljak eken...
- Eger manastire giren bolsaň, men dünýä inmezdim—diýdim.
- Dünýä inmegiň has öň ýazylypdy, oglum—diýdi.
- Howwa, ýöne men dünýä gelmänkämem seni ejem diýip saýladym—diýip, jogap berdim.
- Dünýä inmänligiňde jennetde perişde bolardyň—diýdi.
- Ýöne men häzirem perişde—diýip jogap berdim.

Ýylgyrdy-da şeýle diýdi: “Hany onda ganatlaryň?!” Elinden tutup ellerini egnimde goýdum-da: “Şu ýerde!”—diýdim.

- Gyrypdyrlar—diýdi...

Bu gürriňlerden dokuz aý geçenden soň, ejem baky uka gitdi. Emma “Gyrypdyrlar”—diýen sözi welin, içimde ýañlanmagyny dowam etdi...


***


Maňa şatlyk hakdaky şadyýan pikirleriňi pyşgyrma, ol meni tersine gamhorlyk girdabyna taşlaýar. Maňa rahatlyk hakda gürriň berme, iñ bärkisi, onuň kölegesem meni gorkuzýar. Ýöne men saňa, Jennetiň kalbymdaky külleriň içinde ýakan mukaddes çyrasyny görkezerin. Seni bir enäniň ýeke-ýalňyz jigerbendini söýüşi ýaly söýýänimi bilýänsiň. Yşk maňa—seni, hat-da özimdenem goramaklygy öwretdi. Meni seniň bilen alys ülkelere gitmekden saklaýan zat—o:t bilen tämizlenen yşk ahyry. Yşk—seniň azat, erkana hem mertebeli ýaşamagyňa ýol arçamak üçin, içimdäki arzuwy öldirýär. Çäkli söýgi—söýeniňe eýe çykmak, çäksiz söýgi bolsa—diňe yşkyň özini islemekdir. Ýaşlygyň tämizligi we ulalyşynyň arasyndaky söýgi—eýe çykmak bilen kanagatlanar. Emma asman astynda döreýän beýik yşklar, edebiýatdan hem ölümsizlikden başga hiç bir zat bilen kanagatlanyp bilmez. Ylahy barlykdan başga güýjiň öňinde hormat bilen egilmez.


Jebran Halyl Jebran

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir