Şaja Batyrowyñ ady Türkmenistanyñ ýakyn taryhynda mertligiñ, edermenligiñ, Türkmen kadrlaryñ işlere çekilmek meselesi bilen uýtgaşdy. Onuñ wezipede bolan wagtynda Aşgabatda uly tebigi betbagtçylyk, 1948-nji ýylyñ 5-nji oktiýabrdäki ýer yranmasy boldy. Telefon gatnaşyklar kesilen. Gije ýary Şaja Batyr velsepide münüp, Aşgabat airoportyna baryp ol ýerden, bolan wakany Moskva habar berip, kömek sorapdyr. Ol şeýle-de ermileriñ we beýleki gelmişekleriñ ýerine Türkmenlerden işçi kadr alynmagy ugrunda köp alada edipdir. Ş.Batyrow Aşgabatdaky uly söwda merkezi- rusça «univermagyñ» açylyşyna baranda: «bu univermag däl-de ermeni bag» diýen eken. Jemgyýetçilik we döwlet işgäri, taryh ylymlaryñ doktory Şaja Batyrowyñ terjime haly barada Türkmen Sovet Ensiklopediýasynda şeýle maglumat berilýär: «Jemgyýetçilik we döwlet işgärdi, alym, guramaçy. TSSR ylymlar akademiýasynyñ prezidenti (1959-1965), SSSR ýokary sovetiniñ (2-3 çagyrylyşlar) we TSSR ýokary sovetiniñ (1,2,3,5,6 çagyrylyşlar) deputaty. 1930- njy ýyldan SSKP-niñ agzasy. Ol 1908-nji ýylyñ 3-nji oktiýabrynda Türkmenistanyñ Bäherden raýonynyñ Deşet obasynda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. 1927–1929-njy ýyllarda Aşgabatdaky mugallymçylyk kursunda okaýar. 1929–30-njy ýyllarda Bäherden raýonynyñ Börme obasynda «batraçkomyñ» (batrakçylar komitetiniñ) başlygy we komsomol guramasynyñ sekretary bolup işleýär. 1930–32-nji ýyllarda Bäherdende mugallymçylyk edýär. 1932–34-nji ýyllarda Aşgabat pedagoky inistitutynda okaýar. 1934–36-njy ýyllarda şol inistitutyñ taryh fakoltetinde aspiranturada okaýar, 1936-njy ýylyñ ýanwarynda heniz aspiranturany gutarmanka, TK(b)Partiýasynyñ MK-niñ burosynyñ karary boýunça «Sovet Türkmenistany» gazetine işe geçirilýär. 1937– 38-nji ýyllarda Moskvada redaktorlar we terjimeçileri taýýarlaýan kursda okaýar. Ol 1938–41-nji ýyllarda «Sovet Türkmenistany» gazetiniñ jogapkär sekretary, redaktoryñ orunbasary, Türkmen dil we edebiýat ylmy-barlag inistitutynyñ direktory, TSSR Halk Komissarlar şurasynyñ ýanyndaky sungat işleri baradaky edaranyñ ýolbaşçysy bolup işleýär. 1952–54-nji ýyllarda Moskvada jemgyýetçilik ylymlar akademiýasynyñ aspiranturasynda okap, 54-nji ýylda taryh ylymlaryñ kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1954–59-njy ýyllarda Lenin adyndaky Türkmen Döwlet Pedagokik inistitutynyñ direktory we onuñ Markesizm-Lenenizm kafederasynyñ müdüri bolup işleýär. 1959-njy ýylda Türkmenistan ylymlar akademiýasynyñ akademigine we prezidentligine saýlanýar. 1962-njy ýylda taryh ylymlarynyñ doktory diýen alymlyk derejesini alýar. Şaja Batyrow ululy-kiçili bir topar işleriñ şol sanda «SSSR-de sosýalisitik milletleriñ emele gelmegi we ösmegi» diýen uly düýpli işiñ avtorydyr. Ol Lenin ordeniniñ 2-si, «Watançylyk urşy» ordeniniñ 1-nji derejesi we «zähmet gyzyl baýdak» ordeni we birnäçe medal bilen syýlaglandy. 1965-nji ýylyñ 14-nji oktiýabrynda tribunada çykyş edip durka ýogalýar» «Turkmenii»4 atly almenahda Şaja Batyrowyñ öz döwründe ýazyjylara hemaýat berendigi, “gadan” edilen klassik eserlerimiziñ çap edilmegine syýnanşandygy we ýene birnäçe gyzykly maglumat ýerleşdirilipdir: «Tebigat oña lidere mynasyp sypatlar eçilipdir. Boýy iki metere ýakyn bu adamyñ, burma saşlary, mäherli ýüzi, gussaly hem balkyldap duran gözleri hem ýakymly ýogyýn sesi bardy. Onuñ Türkmenistanyñ ýolbaşyçylygynda bolan ýyllary- 1943–51-njy ýyllar iñ agyr, urş, uruşdan soñ dikeldiş hem Aşgabat ýer titremesi, onuñ getiren zyýanlaryny ýok etmek döwürlerine gabat geldi. Şaja Batyrow Kom partiýanyñ 1-nji sekretar wagty dünýäde iñ uly, Garagum kanaly düýpli proýektirlenip başlandy. 1951–53-nji ýyllarda Türkmenistanyñ Orsýete birleşmegi dogrusynda ylmy diskutsiýalar geçirildi. Türkmenistanyñ basylyp alynandygy inkär edilmese-de netijede bu işiñ peýdaly bolup çykandygyna äheñ berilýärdi. Şaja Batyrowyñ kariýerasynda Türkmen intellegentsiýasynyñ repressiýa duçar edilen wekillerine tarapdarlygy dramatik rol oýnady. Ol 1-nji skretaryñ wezipesinden hiç hili dawasyz, goh-galmagalsyz, paş edilmesiz boşadylýar. Moskwa okuwa iberilýänligi sebäp görkezilýär. Emma munuñ esasy sebäbi ideologiýadaky hasaplaryñ dogry çykmanlygydy. Milletçi edebiýatçylar atlandyrylýanlary Şaja Batyrow ganatynyñ astyna açyk alýardy. İçeri işler Halk Komissarlygynyñ soraglaryndan belli bolşuna görä şol milletçiler partiýanyñ syýasatyndan Sovet häkimiýetinden nägilediklerini ýaşyrmandyrlar. Talantly hem akylly adamlary goramaga çalyşyp, Ş.Batyrow köp adamlary şol sanda Şabendäniñ «Hojamberdi han», Abdylsettar Kazynyñ «Jeñnama» dessanlaryny çap eden Baýmuhammet Garryýewi, 1941–51-nji ýyllarda Merkezi Komitetiñ agitatsiýa we propaganda müdüri bolup işlän Orazmet Abdalewi, terjimeçi Bagşy Jürmenegi yýzarlamalardan aman saklapdy. 1951-nji ýylyñ başynda alym Mäti Köseýewiñ çapa taýýarlan «Gorkut ata» kitabyny jemgyýetçilik bolup ýazgarma kompaniýasy dowam edýän wagty, Şaja Batyrow ony ýaýratmak barada görkezme bermekden gorkmady. Diñe 1-nji sekretaryñ wezipesinden boşadylmagy kitabyñ çap edilmeginiñ öñüni aldy5. Batyrow giden soñ 1951-njy ýylyñ fewralynda Kom partiýanyñ MK-niñ burosynda taryh we edebiýat inistutyñ direktory Baýmuhammet Garryýew wezipesinden boşadyldy. Partiýanyñ Merkezi komitetiniñ täze sekretary Suhan Babaýewiñ, Şaja Batyrowyñ adyny garalamak üçin köp aladalar edendigini, Batyrowyñ özi boýun alypdyr.6 1952-nji ýylyñ awgustynda Moskvanyñ görkezmesi bilen milletçi edebiýatçylary tussag etmek başlandy. Bu beladan ony jemgyýetçilik ylymlar akademiýasynda okaýanlygy halas etdi. Bary bir Bagşy Jürmenegiñ öz garşysyna içeri işler halk komissarlygyna beren görkezmeleri üçin Nikita Huroşçowyñ adyna düşündiriş ýazmaly bolupdy. Beýlekilere görelde bolar ýaly mertbesini saklap mekirlik hem ýakynlaryny garalaman, Şaja Batyrow «toba» edipdir.» Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyñ prezidenti, görnükli Türkmen alymy, Şaja Batyrow 1965-nji ýylyñ 14-nji oktiýabrynda şol wagt metbugatda bildirilişi ýaly «söweş postynda» tarpa taýyn aradan çykdy. Ol Türkmenistan Kom Partiýasynyñ Merkezi Komitetiniñ 11-nji plenumynda respublikada ylmy ösdürmegiñ prespektivalary barada çykyş edip durka, sözüni soñlap bilmän, ýüregi durup 57 ýaşyñ içinde wepat boldy. 1950-nji ýylyñ başlarynda geçirilen arassalaýyşlar wagtynda Batyrow namenkluturanyñ/ häkimiýete ýokary gatlaklaryñ merhemetini ýogaldyp, 2-nji derejeli wezipelere geçirilýär. Diñe 1959-njy ýylda Suhan Babaýew Türkmenistan Kom Partiýasynyñ 1-nji sekretary wezipesinden boşadylandan soñ Ş.Batyrow ýene-de respublikanyñ syýasy sahnasynda peýda bolýar we Babaýewiñ «guýrugy» diýlip iş başyndan aýrylan filosofiýa ylymlaryñ professory Geldi Çaryýewiñ ýerine Türkmenistanyñ ylymlar akademiýasynyñ prezidenligne saýlanýar we tä ömrüniñ ahyryna çenli şo wezipede işleýär. Ýeri gelende aýytsak Türkmenistanyñ Ylymlar Akademiýasynyñ Taryh inistitutyna Şaja Batyrowyñ ady dakyldy.

Köneler, Farabi tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir