Çagalaryň arasyndaky geçirilýän Junior Eurovision 2007 ýaryşynda Belarusiýaly oglanjyk Alekseý Jigolkiwiçyň “Dostlarym bilen” diýen aýdymy bilen birinji ýeri eýeledi. Alekseý Jigolkiwiç hakynda aýdanmyzda bolsa ol 1996-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 18-ne Minskde eneden dogulýar. Onuň kakasy häzir 35 ýaşynda, kiçi wagty sazandarçylyk bilen meşgullanypdyr. Ejesi hem 35 ýaşynda häzir bolsa lukman bolup işleýär. Alekseý 5-6 ýaşynda Minskdaky sazandarçylyk mekdebine gadam basýar. 10 ýaşynda bolsa Aýdym saz teatoryna işe girýär. Alekseýiň gowy görýän aýdymçysy Belarusiýaly Dimitry Kaldundyr. Ol hem Eurovision bäsleşiginde birinji ýere mynasyp boldy. Esasy gyzyklanýan zatlary bolsa aýdym aýtmak, matematika hemde surat çekmek. Onuň gowy görýän kitaplarynyň biri Harry Poterdyr.

Köneler, agajanh tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir