Aslynda meň pikirimçe baýlygy gazanmakda känbir kynçylyk ýok. Ýöne gazanylan baýlygy aklyňy ulanyp saklamakda kynçylyk bar. Sebäbi sähel pul gazanyp başlasaň dostlaryňy köpeldýärsiň we öňki "Plan zat edip görmedimaý, şonam barlap görsem" ýaly pikirler döräberýär.
"Puluň bolsa dostuň kän, pulsuz wagtyň, kyn günüňde ýekeje dostuňam ýok" diýilýän käbir sözler bilenem men-ä ylalaşamok. Sebäbi dos saýlamak özüňe bagly, hakyky saňa kömek etjek adamy dost saýlamagyň ýerine sen seň bn keýp etjek adamy saýlap, oňa-da "Dost" diýip ýüzlenen bolsaň bu hem seniň öz problemaň.
Indi pul gazanmaklygyň kyn däldigi baradaky pikirlerimiň nireden dörändigine geçeliň.
Men okaýan döwürlerimde ýoldaşlarymyň mysallaryny işläbem pul gazanýadym. Hatda ep-eslije urýadym puldan. Wagty barka ýaltanypdyrmy şol, okamandyrmy, indi özünden görsün çykdajylary üçin. Ýa-da iň bolman-da häzirki wagtda Tmcars programmasy köpçülikleýin ýaýrady we iň ýönekeýi telefon alyp satybam pullanyp boljak,
Ýa-da ýakynlaryňdan karz pul alyp kiçiräk çipsi ýasaýan apparat alyp şondan bolsa-da birzatlar satyp gazansa boljak. Iň ýönekeý mysal, möwsümi golaýlap gelýär, marožna apparat alyp marožnajyk satsaňam ep eslije pul ýasap boljak. Şony satyn aljak puluňy maksimum bir sezonda ödeýär gowja toçkany tapmagam özüňe bagly.
Meň o pulsuz diýip tanaýanlarymam ýaltalygy saýlap, diňe adamlaryň kemçilini gözläp ýören, gep gybata özüni beren işýakmazlarmyka diýän. Men diňe öz pikirlerimi paýlaşýan, köp kişi üçin ylalaşmaýan ýerleri bolup biler we olaram teswirlerde öz pikirlerini galdyrsa öz ýalňyşymy bilmegim üçin gowy bolar. Ýöne hemme zat adamyň özüne bagly, şustrja bol we etjek zadyňy pikirlen, ýöne halallykdan gitmeseň elbetde birgün yzyňdan ýeterler.

Sorag-jogap, Yeser tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir