Suyji bolsan, seni datman iyerler,
Ajy bolsan, bir gyrada goyarlar,
Gedem bolsan, senden basym doyarlar,
Yalancyda, gowy bolmak kyn eken.

Yuwash bolsan, calt ussunden basarlar,
Yetim bolsan, seni gyra gysarlar,
Pulsuz bolsan, seni sana goshmazlar,
Yalancyda, gowy gezmek kyn eken.

Ejiz bolsan, kop ustunden gulerler,
Aglap gezsen, gahar bilen bakarlar,
Sozlemesen, boynuna zat dakarlar,
Yalancyda, yashap gezmek kyn eken.

Kezzap bolsan, gozenege salarlar,
Sansyz bolsan, seni depip gezerler,
Jansyz bolsan, gara guma gomerler,
Yalancyda, yashap gezmek kyn eken.

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir