Pederleriň aýdanlaryn ýatlagyn,
Öýe girseň sag aýakdan ätlegin.

Taňry salamyny bergil her haçan,
Salamsyz barmydyr heý töre geçen?!

Myhman ýerde edep bilen oturgyn,
Aýdan kişiň salamyny ýetirgin.

Hassa bolsa baryp halyny sorgun,
Goldan gelse barça kömekler bergin.

Ugratmagyň öz edebi bolmaly,
Musulman halkymyz munam bilmeli.

Köneler, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir