Durmyş öz akymy bilen gidip dur.

Gülşen bilen Geldi bagtly ýaşap ýörler. Geldi Gülşeni sylaýar oñat göryar. Her gezek olara baramda ol Aýgul joraña aytsana goý ol maña gyžjagaz sowgat etsin, gyz bolsa seniñ adyñy goyjak Aýgul diýip degen bolyardy.
Men bolsa indi maşgalañ bar göwnüne degaýme joramyñ diyip, her gezek gülen bolyp jogap beryadim .
Men bularyñ bagtyna daşyndan guwanyan, joram Gülşen arassaçyl , işeññir,ony gayynlary gaty gowy görýar, olaryñ yanynda Gülşeniñ hormaty hem uly, ol derrew öwrenişdi gitdi.
Aý günler hatar tutyp kerwen gurap geçip durdy.
Aradan 7-8 ay geçdi. Gülşen agyrayakdy. Ol köplenç maña özüne derek smende duryp bermegni hayyş etyardi, men onyñ bu ýagdaýynda smende ayak ustunde durmagna garşydym, yone natjek gowrelik döwründe berilyan işe ukypsyzlyk hatyny açylmagyna az wagt galypdy, şonyñ üçün yakyndan goldaw berip durýadym.
Şeyle günleriñ birinde bulary Geldiniñ lebapdaky jan yaljak krusdaş dosty toyyna çagyrypdyr, gelniñi alyp gelmeseñ razy dàl dost diyip dur, Gülşen natsin gitmeli boldy.
Geldi maşynly gidip gelayeris diyensoñ gitmeli bolyar, smenine meni goyyp bular lebap welayatyna gityaler.....?!

Bu hawary eştdip öy bilen Gulşenleriñ öyleri ep esli bardy, men taksida barýanjam eyyäm olary oye getiripdirler, öye wagirip girdim görsem ikijigam sünüp yatyr, Gülşen boydan başa gara gan, Geldiniñ ýagdaýy hem ondan öwerlik dàl, bulary getiren Gyzylarbatly oglan şey diyip gürrüñ berdi.
Lebap yolda men bularyñ yzyna düşüp gelýardim, birden gapdaldan çykan jip maşynly öñe geçdi, zordan saklap yetişdim, ol jip maşynly oglan şo batly sürüp barşyna bulardan hem öñe geçjek boldy, Geldi maşynyny aylady gapma garşy gelýän türkleriñ uzyn maşyny bulary öz bady bilen süredi, maşyn togalanyp, togalanyp birden durdy.
Men maşyndan düşüp ylgadym, olary görüp gorkdym maşynyñ daşynda gelni ýatyr gana bulaşyp , Geldi zordan telefonyn uzadyp Aygül janym jorasy diyen ada jañ et diydi.
Men jañ edip, hali Geldi Nazarowlaryñ öyi gerekdi diýip, sorap jañ eden mendim, senem onyñ öý salgysyn berip hatda nameuçin gerek hem diyman telefony öçürdiñiz.
Ynha şo salgy boýunça hem men bulary getirdim, diyip gözune yaş aýlap gurruñ berdi.

Yasajyk yaş çatynjalar heniz bir yyl hem bolanok toy tutanlaryna. Men joram söygümi söyende narazy bolmandym, gaytam gözüm alynda mydama görüp ýorerin diýip begendim, Ykbalym keç ykbal, bir günde bir munutda hem jan ýaly joramy hemde joram söyen, söyen yigdimi ýitirdim.
Bularyñ awtomobil yol helakjiligi pajygaly yagdayda bolyp, eger-de bu Gyzylarbatdaky natanyş oglan ýetişmedik bolsa maşyn atylyp ot almaly eken, onda bularyñ Ikisi hem içinde bordy.

Ölüm hem gowy zat dàl weli, ýöne ölüm hem dilemeli eken Alladan , dilegler kabul bolyp öz öyüñde sünüp ölmek hem bagt.
Gülşen bilen Geldi maşyndan
çykyp bilman galan bolsa name o tayda yanan gumyny alyp gaydaymasañ. Namede bolsa Alla diyen yermiz bar eken, Hydyr ata ýaly bu oglanyñ kömegi bilen diri bolmasada ölisi öz öyüne getirildi.
Jaylayyş güni ölini yuwmaly yakyn hossarlaryndan biri giriñ diydi. Menem girdim. Öli yuwlanda aglamaly dàl, geplesmeli dàl. Men diñe kündükden suw akydyp berdim.
Ýöne Gülşeniñ Geldi oglym bolar, Aygüliñ adyny gyzymyz bolsa goyarysda ilkima ogul bolar, ynanmasañ Aygulden sora men hasapladyp gördum diyyan yaly ýüregi elendiryan sözler gulagma eşdilip durdy, eşdilip durdy.

Bu wakadan soñ 3 ay geçdi, yekelik meni halys gowrup barýady, men olary küseyan gelmejegni bilsemde küseyan.
Yatan yeriñ yagty bolsyn doganym dey ezizlan màhriban joram, janymdan eý gören söyen yigdim, jaýyñyz jennetden bolsyn! Iman baýlygyn bersin! Amin............?!

~~~Soňy ~~~

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir