Halamaýan zadym işden ýadaw geleňsoň nahar-çaý içip, ýassyga ýaplanyp, uzanyp, içiňi hümledip, dynç almagyň ýerine öýüň bolgusyz ownuk-uşak işine dümtünmek. Ýöne etjek alajyň ýok, gyşyň başynda üç-dort gün bäri bizar eden, “diňmejekmikä?” diýdirýän sowuk ýagyşdan beter iňirdi başlamanka penjiräniň döwlen aýnasyny salmaly. Üstesine bir bölek aýna tapsaň, aýna kesilýän ýokdur, onam goňşulardan gidip getirerler welin, ownuk çüý tapylmaz. Öňki köne çüýlerem poslap, döwlüşip ýatandyr, gopup gaçanam ýere siňip gidendir. Çüýem başga bir goňşudan diläp alyp geldiler. “Şu ownuk-uşak zatlary, alyp goýaýmaly welin, jygyldyga barylsa-da bahymrak gaýdanyňy kem göreňok” diýip, içimi gepledip, döwlen aýnany salmaga başladym. Heniz garaňkam düşenok welin, gözüm çüýüň kellesini görmejek bolýardy. Şol wagt birden ýadyma düşdi – işim hat-petek bolansoň, işde dakynar ýaly äýnek alypdym ahyryn. Bäh, gözüm nurlanan ýaly bolaýdy. Çüýüň kellesi dagy ýaşululaň çilkme telpeginden kiçi däl. “Aý, indi aýnany bahym salaryn” diýip, ýaňy bir üç çüý kakdym welin, arkamdan sesi geldi: “Arma, how!”. Gaňrylyp seretsem dost oglanlaň biri, ýylgyryp äýnegimi gutlaýar, “gelşip dur” diýýär. Hä, oglanlaryň biri şu gün elli ýaş toýuny edýärdi, meň ýadyma-da düşenok. Aýnaň çüýlerini doly kakyp bilmedim. “Howlukma, kakaýynam” diýip bilemok. Dogrusy, diýesimem gelenok. “Aý, gelip kakaryn-da, dagy bolmasa ertir. Edil häzir-ä aýna gaçmaz” diýip, derrew ýuwnup, geýindim. Äýnek dakynanymda, ownuk çüýlere çyra tutulan ýaly bolşuna henizem haýran galyp barýardym. Ýaş toýy hem bolsa adam köp ýygnanypdyr. Hernä bizi çola jaýa geçirdiler. Saklanyp bilmedim, äýnek dakynyşymy ýoldaşlaryma aýtdym. Garaz, gülmäge bahana edinen tapyldy, “Aý, äýnek dakynyp ugran bolsaň, gözüň ýyl-ýyldan küteler” diýen boldy, hamala, mundan öň ýyl-ýyldan ýitelen ýaly. Emma oglanlaň biriniň “Gözüň öwrenşip, aýyl-saýyl görýärmikäm diýip ýören ähli zatlaryňa-da birden äýnek dakynan ýaly seredip bolsady” diýmesine birhili boldum. Häzir şol pursady ýatlap, ýylgyranymy duýman galýan. “Birhili” sözüniň ýerine “Aňym äýnek dakynan ýaly boldy” diýip, ýaňsy bilenräk ýazasym gelýär. Ýogsa elli ýaş toýumy etmesemem şol ýaşa nädip ýetenimi bilmedik halyma äňymyň äýnege mätäçligi gözümiňkiden pes däldir. Onda-da akyl, aň aňyrrakda-da. Garaz, adaty oturylyşyk, degişmeler, gaty-gaty gülmek we şoňa meňzeşler bilen ep-eslije oturdyk. Meniň aklymdan welin, dostumyň aýdanlary gitmedi. Aslynda, aňymza, düşünjämize maglumat berýän zat göz bilen gulak. Gözümiziň aňymyza täsiri çensiz. Bu bilip ýören zadymyz, ýöne gözümize aňymyzyň täsiri hakynda oýlanyp görüpmidiňiz. Şol bir adam dürli ýagdaýlarda gözüňe başga-başga bolup görünýär. Kä halat, mysal üçin, bergiň bar bolsa ony görmejek bolýaň, görnesiň gelenok, hatda ýer ýarylanok, sen gireňok. Ýogsa sähelçe ýyl öň hem şol adamyň bitiren işlerini görüp, “Onuň bilen oturyşyp bolaýsady” diýýärdiň. Ýa-da dünýe şol bir ýeke-täk dünýe ýöne ol her kim üçin birhili. “Şükür bagşy” kinofilmindäki Mämmetýar han aýtmyşlaýyn, “Dünýede näçe adam bar bolsa, şonça-da filosofiýa bar.” Aňymyň bir ýerinde Artyk Jally wezirine: “Durmuşam bir ýaryşdyr, Ýusup. Bu ýaryşda adalatsyz bolmakdan heder etmeýän ýeňýändir. Şükür maksadyna ýetmek üçin adalatsyz bolmakdan çekinenok” diýýär. Şükürem dodaklaryny berk gysyp “Nätsemkäm? Çalmamy bes edäýsemmikäm?” diýip dutaryny gazaýar. Meniň pikirlerimi oturanlaryň biriniň morta sowaly bozdy: “Adam dürli-dürli bolubersin, hemmämiziň esasy pikirimiz birmeňzeş – çagalarymyzy eklemeli. Ýalanam bolsa aýdyň! Kim nädip çagasyny ekleýär – bu eýýäm başga gürrüň.” Diýmek, esasy pelsepe hemme kişi üçin ýeke-täk ýaly. Nesil öndürmek, özüňden soň dowamyňy üpjin etmek – haýwanu-ynsan, hatda ösümlikleriň hem baş maksady. Emma garaýyş, nazar ony dürli-dürli, milliardlarça sana ýetirýär. Gapy bir emma her kim ony öz açary, hiç kimiňkä meňzemeýän açary bilen açýar. Açarsyz diňe itekläniň bilenem açylmaýar – hökman açaryň bolmaly. Geň gapy – ömür gapysy. Açaryň demri hem seniň nazaryňdan, garaýşyňdan emele gelen durmuş ýörelgäň. “Ýörelgäm ýok” diýseň, bu-da bir ýörelge bolýar duruberýär. Pikirlerime gümra bolamsoň dostlarymyň biriniň nädip, näme bilen baglanyşykly bu rowaýaty aýdanyny bilemok. Baýezit Bestamynyň ýanyna bir nätanyş sopy gelip: “Bestamyny gözläp geldim” diýse, beýik şyh oňa “Bestamy hem Bestamyny 40 ýyl bäri gözleýär. Senem gözläber, belki, taparsyň” diýip jogap berýär. Bu rowaýaty eşidenimden äýnegim özüme tarap öwrülen ýaly boldy. “Sen dünýäni, onuň baş maksadyny görjek bolýaň, özüňi bir görýäňmi?” diýen sowal aklyma-da gelmändir. Giçden soň öýe dolanyp geldim. Aýnaň ýetmeýän çüýni indiden soň kakasym gelmedi. Berkidilmedik aýna sähel şemala çalaja şykyrdap ses edýär. Hamala maňa “Başlan işiň näçesini soňky nokadyna çenli ýetirmän taşladyň?. 99 çüý urup, iň soňkujany urmanyň üçin olar ýuwaş-ýuwaş gowşap gitdi” diýýän ýaly. Näler turasym gelýär, emma ýarygije tark-tark edip, il örüzip ýöreýinmi? Belki, bary-ýogy iki çüýdür kakylmadyk, emma bitirip bolanok, edil ýarpy edip taşlan işlerime dolanyp gelip bolmaýşy ýaly. Ýöne indi äýnek aldym ahyryn, mümkin indikilerimi bitirerin. Şony başarsamam razy.

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir