Ozaldan halkymyň adaty şeýle: Ýürekde saklaýar öz ezizini. Bu gün ýüreklere çykdym men seýle: Gördüm ýüreklerde eziz Lenini. Ynha, şat çagalar barýar mekdebe! Olar Lenin hakda aýdym aýdýar. -Lenin eýe etdi bizi mekdebe- Diýip, Lenin bilen öýe gaýdýar. Ynha, haly dokýar bir gözel gelin. Onuň halysynda beýik many bar. Halyda janly dek parlaýar Lenin, Halyda halkymyň mähribany bar.

Köneler, 5 tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir