Şu gün Aşgabat wagty bilen 18:05-de Angliýaň Premýer ligasynda iň bir dartgynly futbol duşuşygy bolar. Ýagny, Liwerpul öz öýünde Çelsini kabul eder. Elbetde bu oýun iki klub üçinem esasy duşuşyk bolar. Liwerpul ýeňen ýagdaýynda çempionlygyny yglan eder. Çelsi ýeňen ýagdaýynda hem Liwerpulyň umydy indiki oýna galar. Iki klubyň arasynda oýnalan 158 resmi oýnuň 69-ny Liwerpul, 54-ni Çelsi ýeňiş bilen tamamlady. 35 duşuşyk bolsa deňlik bilen gutardy. Ligada16 oýun bäri ýeňilmän gelýän Liwerpul iň soňky gezek geçen ýylyň 29-njy dekarynda Çelsiden ýeňilipdi.

Köneler, messibet tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir