Aý aýdyñ gijedi, çola kenarda,
Durduk digdireşip, galpyldap, üşäp.
Derýa bolsa sessiz akyp ýatyrdy,
Ýyldyzly asmany astyna düşäp.


Diýdiñ "Kakam ýene içip başlady,
Birhili bolaýdy, ejem ölensoñ.
Jiglerimi gyran-jyran edýär ol,
Her gün agşam serhoş bolup gelensoñ.


Ýöne haýyş edýän, bilmedik bol sen,
Bolsun il üçinem bu ýalan ýaly.
Nädeýin, Atajan, halaýan bolsañ,
Görüber sen meni uýalañ ýaly".


Soñ çala hamsygyp, aşak oturdyñ,
Mele saçlañ bilen aýagñy duşap.
Derýa bolsa sessiz akyp ýatyrdy,
Ýyldyzly asmany astyna düşäp.




Atajan Annaberdiýew.

Köneler, Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir