Bu gün Ýewropanyň çempionlar ligasynyň çempiony Londonyň Çelsisi bilen Amerika döwletlerinde geçirilýän Libertadorosyň çempiony, Braziliýanyň täze çempiony Korintians komandalarynyň arasynda final duşuşygy boldy. Elbetde köpüňiziň bilşiňiz ýaly bu final Kontinentleň arasynda geçirilýän her ýylky ýaryşyň iň soňyna galan iki klubyň duşuşygy. Bu ýaryşa öz kontinentiniň çempionlary gatnaşýar. Ýaponyýada geçen bu duşuşykda üstünlik Brazil klubyna gülüp bakdy. Oýnuň 68-nji minudynda Gerreronyň Petr Çehiň derwezesinden kellede salan pökgüsi oýnuň ykbalyny çözdi. Çelsi şunlyk bilen üçinji finalynda hem ýeňip bilmedi. Angliýaň superkubogynda Mançester Sitiden we UEFAŇ superkubogynda Atletiko Madridden 1-4 hasabynda ýeňilipdi. Çelsiniň janköýerleri Rafael Beniteziň wezipä getirilmeginden şeýlede närazydy. Göreli-bakaly, Çelside indi nämeler bolarka...

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir