Zenit 2-3 Milan Ine-de Talyplardaky Çaklama Turnirimiziň 3-nji turam tamam boldy. Zenit Milandan 2-3 hasabynda ýeňilen bolsa, Şahtýor bilen Ýuwentus 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Size bolsa indi 3-nji turymyzdan soň kimiň näçinji orunlary eýýeländigini biläýmek galýar. Hä, size ýene bir aýtjak zadym bardy. Şu turnirimizde ýene iki ugur boýunça-da ýaryş alyp barjak. Jemi Talyplarda Çaklama Turnirimizde 3 ugur boýunça bäsleşik bolýa diýjek bolýan-da! 1-nji ugur. Bu esasy ugur, ýagny öz çaklamaň bilen iň köp oçko ýygnamak. Esasysy hem şu. 2-nji ugur. Munda bolsa çaklamany 100/100 dogry bilenleň hasabyny ýörederis. 3 turyň netijesi boýunça entek ýekeje agza hem hasaby dogry bilmedi. 3-nji ugurda bolsa her turyň netijesi üçin tema açamyzda ýerleşdirýän suratly ýa-da soragly tapmaçamyzy bilenleň hasabyny ýörederis. Häzir-ä men size ýene bir suratly tapmaça hödürlärin. Aşakda täze jogap bilenem agzalaň 3 turyň jemi boýunça eýýelän orunlary bilen tanyşdyraryn.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir