Geçen hepde oýnalan Granada oýnunda derwezä salan pökgülerinden soň begenjini bildirmedik we bir zatdan müýnli bolup janköýerlerini gynandyran Kriştiýano Ronaldonyň Real Madrid klubyndan alýan aýlygyny az görýändigini dünýä metbugaty köpçülige ýetiripdi. Ispaniýanyň AS gazediniň internet sahypasynda berýän habaryna görä klubyň "hojaýynlarynyň" Ronaldonyň hakyny öňden galdyrjak bolup ýörendiklerini, emma bu haky Kakany satanlaryndan soň geljek pulyň bir böleginden aýryp galdyryljakdygy aýan boldy. Madridli ýolbaşçylaryň Braziliýaly oýunçyny satanlaryndan soň Kaka töleýän ýyllyk 9 million ýewrolyk tölegden halas bolmak we ýene şol girdejiden Ronaldonyňam hakyny galdyrmak planlary bar eken. Emma Kaka üçin diňe Milanyň gyzyklanmagy we olaryňam kireýine soramagy bu plany puç etdi. Bir söz bilen aýdaňda Kakanyň Realda galmagy Ronaldo üçin galdyryljak haka böwet boldy. Planlary başa baran bolsa Madridli ýolbaşçylaň planynda Realyň basketbol toparyna hem ýatyrym ýatyrjak ekenler.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir