Şu gün ýaňyrak tamamlanan çempionlar ligasy üçin bije çekilşikden soňra, Ýewropanyň 2011-2012-nji ýyllarda iň gowy oýunçysy hökmünde berilýän baýraga, Dünýäde goh turuzýan Messi we Ronaldodan, 53 sany žurnalistiň ses bermeginde öňe saýlanan Andres Iniýesta boldy we Mişel Platininiň elinden baýragy almak nesip etdi. Bütin Ispan janköýerlerini we Barselonanyň bütin fanatlaryny bu baýrak bilen gutlaýan. Baýragy berilende Messiň ýüzüinde üýtgeşiklik bolmady welin, Ronaldonyň ýüzünden gar ýagýady. Mouriniýonyňam bu baýraga eýe bolan Iniesta üçin närazylygyny bildirermikä diýýän. Andres Iniýesta hakykatdanam bu baýraga mynasyp futbolist. iki gezek Ýewropa çempiony we bir gezegem dünýä çempiony bolmagy başardy.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir