Sagja boluň druklar, sag oturyň! :) Geň görmäňhou, mende bir gylyk bar, gelşime göni hoşlaşýan. Birden ýetişmän galaýmaýyn diýýändä. Obşiý endam-janyňyz, ýürek urşuňyz, gan aýlanşyňyz gowudyra? Dogtorçylyg-a edemok, ýöne il ugruna soran bolaýýan. Hany hemmämiz gowy bolsak akyllyja oturalyň hany. Gowy däliňiz bar bolsa-da han-ha ýokarda, sag tarapda çykalga bardyr. Karoçe men bu gün size täsin bir zady gürrüň bermekçi. Ýöne üns beriň, üns beriň, üns beriň!!! Nerw damarlaryňyzda gowşaklyk bar bolsa, ýürek-damar gan aýlanyş sistemalaryňyzda kemçilik bar bolsa okamazlygy maslahat berýärin!!! Ýekelikde oturan bolsaňyz, gijäniň gorkunç garaňkylygynda oturan bolsaňyz, nahardan gerk-gäbe doýan bolsaňyz okamazlygy maslahat berýärin!!! Kompýuterden däl-de, el telefonundan girýän bolsaňyz, söýüşýän gyzyňyz ýa-da oglanyňyz bar bolsa okamazlygy maslahat berýärin!!! Barybir hiç zat ýazjak dällaý :)

Köneler, Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir