Agşam adamsy öýe gelende kä aglap kä ýumruklap kä gaharlanyp kä sessiz oturyp hemme görenlerini aytdy. Adamsy garşylyk görkezmedi. Wagt geçdikçe adamlar üýtgeyändigini aýdyp goşlaryny toplady, gitdi ol öýden adamsy. Gapydan çykyan wagty seni soňky gezek gujaklamak isleýän diýmek isledi ýöne aýaly “ýok bol, git çaltrak” diýip gygyrdy. Ayrylyşdylar. Modern bir söýgi hekayasy ýaly durmuşda yaşap aýrylşanlaryna hiçkim ynanyp bilmedi. Dostlarynyň kömegi bilen aýakda durmaga çalyşdy aýaly. Adamsynyň söýgülisi bilen birlikde amerika gidendigini eşitdi bir gün. Kawagt yalňyz galanda adamsyny henizem söýýändigini duýýardy we ony ýigrenmek üçin doga-dileg edýärdi. Aradan 1 ýyl geçdi. Hemme zadyň dermany “wagt” hem aýalyň derdine çäre bolmandy. Bir gin irden öýüniň gapysy kakylýandygyny eşitdi. Gapyny açanda garşysynda “o” aýaly gördi. “sen haýsy ýüz bilen meň öýüme gelýäň” diýip gygyrmak isledi ýöne sesi çykmady. “haýyş edýän, içeri girmäge rugsat ber, ikimiziň gürleşmegimiz gerek” diýip ýalbardy yaş aýal. öýe girdi, oturdy we kyn eşidilýän inçe sesi bilen gürlemäge başlady. “hiç zadam görnüşi ýaly däl, gaty gynanyan ýöne ol seniň bir wagtky adamyň 1 sagat mundan öň ýogaldy. Geçen ýyl amerika kongrse gidende bilipdi özüniň keselini we 1 ýyla ýakyn wagtynyň galandygyny bildi. Muňa seniň çydap bilmejegiňi, hemme wagt şoň bilen bile bolup bile ölmek islejegiňi bilýärdi. Seni özünden uzaklaşdyrmak üçin menden söýgülisi roly oýnamagymy isledi. Eje- kakasyna-da habar bermedi, ikimiziň amerika göçüp gidendigimiz hakdaky ýalany ýaýratdy. ýöne bu beýle däl, siziň ilkinji gezek duşuşan awtobus duralgasynyň garşysynda 1 öý satyn alypdy. Leçeniýa alyp gutulmak isleýärdi ýöne bolmady, başaryp bilmedi. Düýn gije agyr ýagdaýda bolupdyr. Seretýän doktory meni çagyrdy we menden şu gutyny saňa bermegimi isledi.” Gozlerinden akan yaşlary saklap bilmejegini bilyardi ayaly. Bu habary eşidende edil şol ýerde ölmek isleýärdi. Elinde gutynyň bardygyny bildi we içine seretdi. Içinde kagyzlar bardy. 1-nji kagyzda “janym hemme kagyzlary yzly yzyna oka” diýip ýazylgydy. “seni söýdüm, seni söýmekden hiç haçan ýadamadym. Seniň üçin ölerin diýýärdiň, dogry aýtyanyňy bilýädim, ýöne meniň üçin ölmegiňi islemedim. Indi maňa söz ber janym, meniň üçin yaşa, bolýamy!? “ soňky kagyzy eline alanda gutyda 1 açar gördi aýaly. We soňky kagyzda şeýle ýazgy bardy “ deňiz kenaryndaky öýi men satyn aldym we seniň proyektiňe görä gurdurdym, ullakan balkonda ertirlik edinýän wagtyň elmydama saňa serederin.”

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir