Amerikan psihologlary bagtly bolmaklygyň takyk ýedi usulyny salgy berýärler. 1. Öz ýakynlaryňyzy söýüň. Öz söýýäniňize wagtyňyzyň köpüsini sarp ediň hem-de ýygy-ýygydan özüňizi bagtly saýyň! 2. Öz söýýän käriňize kän güýç sarp ediň. Eger-de siz öz işiňizi söýýän bolsaňyz, mümkin bolsa köpräk işläň. Eger-de söýmeýän bolsaňyz, ony üýtgetmäge çalşyň, şeýle etseňiz, ahyrky netijede bu siziň üçinem, jemgyýet üçinem peýdaly bolar. Biz öz durmuşymyzyň / ömrümiziň köp bölegini işde geçirýäris, şonuň üçinem ol wagty bisarpa, bihuda geçirmeli däl. 3. Beýleki adamlara / başgalara kömek bermek üçin güýç-gaýrat, talabedijilik bermek bilen, siz, birinjiden, özüňize sarpa goýmagy artdyrarsyňyz, ikinjiden, özüňizdäki psihiki hem-de fiziki ukypsyzlygy aýrarsyňyz. Netijede durmuşdan lezzet almaklyk güýçlener, bagtlylyga golaýlaşarsyňyz. 4. Bagtly bolmaga çalşyň! Özüňize gözegçilik ediň, anyklaň, oýlanyň, bu häsiýetler sizi keýpi köklüge getirer, sizi begendirer, siz muňa çalşyň. 5. Fiziki taýdan gujurly boluň! Fiziki gujurlylyk sagdyn adama hakyky keýp berýär. Fiziki gujurlylyk adamy kyn ýagdaýlardan halas edýär. Şularyň nepi deger: ylgamak, ýöremek, sportuň islendik görnüşi, tans – şularyň ählisi siziň üçin oňaýlysydyr. 6. Öz durmuşyňyza täzelikleri ornaşdyryň. Çagalykdan bizi uly ynam bilen terbiýeleýärler, bu bize durmuşa göz ýetirmäge ýardam edýär. 7. Bagtsyzlyga uçrasaňyz, özüňizi ýitirip, ruhdan düşmäň. Bu psihologiýanyň üýtgewsiz kanuny: ger siz şu gün bagtly bolsaňyz, onda onuň çöwre tarapynyň barlygy-da gutulgysyzdyr.

Köneler, Simpotyaga tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir