Futbol boýunça Dinamo tblisiniň we SSSR-iň ýygyndy komandasynyň hüjümçisi, SSSR-iň sport ussady, 1981-nji ýylda ýewropaň kubok alanlarynyň kubogyny alyp çempioon bolan Ramaz Şengeliýa 55 ýaşynyň içinde, Tibliside ýüreginiň durmagy sebäpli dünýeden ötdi. R. Şengeliýa Dinamo tibliside 1977-1988-nji ýyllarda 283 gezek meýdança çykyp 120 pökgüni derwezä gönükdirmegi başarypdyr. SSSR-iň ýygyndysynyň 26 gezek köýnekçesini geýip 10 pökgüni öz adyna ýazdyrypdyr. Ramaz Şengeliýa 1978-nji we 1981-nji ýyllarda SSSR-iň iň gowy futbolçysy diýen ady hem eýýeleýär. Ramaz Şengeliýaň ýakynlaryna we tanyş, dost-ýarlaryna talyplar.сom saytynyň Ýewro-2012-ä prognoz goýujylarynyň adyndan öz gynanjymyzy bildirýäris.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir