Wagt diýilýän zat uçup barýan guş ýaly geçip dur, geçip dur. Ynha, bir seretsek Ýewropa çempionatynyň toparçadaky oýunlary gutaran bolsa nätjek!!! 16 sany ýygyndy 90 minutdan üç gezek duşuşdy welin 8 sanjak ýygyndy galdy otyryberdi. Olaryň haýsy ýygyndylardygyny özüňizem bilýänsiňiz welin bu ýerde-de agzap geçmeklik artyklyk etmese gerek. "A" gruppadan Çehiýa bilen Gresiýa, "B" gruppadan Germaniýa bilen Portugaliýa, "C" gruppadan Ispaniýa bilen Italiýa, "D" gruppadan bolsa Angliýa bilen Fransiýa çärýek finala çykmagy başardylar. Düýnki oýunlarda-da Angliýa Ukrainany Runiniň 48-nji minutdaky salan pökgüsinden soň ýeňmegi başaran bolsa, Fransiýa Şwesiýadan Ibragimowiç (54min) we Larssonyň (90 min) salan gollaryndan soň utylandygyna garamazdan topraçada 2-nji ýeri alyp çärýek finala çykmagy başardy. Indi bolsa çärýek finalda duşuşjak ýygyndylar bilen aşakda tanyş bolmazymyzdan öň, toparçadaky oýunlaryň gutaranyndan soňky agzalaň eýýelän orynlary bilenem tanyş bolaýalyň!!!

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
    messibet 11 years ago
  • 1.Bayramsoltan-38
    2.Aklym1989-35
    3.Magnit-33


    4.Ezba-32
    5.Aysyzgije-32
    6.hallboy-31
    7.leonardoo-31
    8.Messibet-31
    9.Ahmetjan18-30
    10.Mirasymyz-29
    11.Sukomoto-29
    12.Wulkan-28
    13.Oscr1-28
    14.Baybow-27
    15.fatality-26
    16.Pamir-22
    17.Raimend-20
    18.idealman92-19
    19.1merdan-18
    20.Yzganttm-18
    21.brawo-18
    22.m1-11
    23.simpotyaga-10
    24.yegen-9
    25.futbolfanmr-7
    26.Gyzlarynarzuwy-7
    27.Merdanmr-5
    28.Makalsyz-4
    29.Marylee-3
    30.nlo-3
    31.sido-1
    32.barmaley-0
    messibet 11 years ago
  • Portugaliýa-Çehiýa
    Bu oýyn ertir (21.06.12ý) sagat 23:45-de oýnalar.
    messibet 11 years ago
  • Germaniýa-Gresiýa
    bu oýyn bolsa 22.06.12ý.sagat 23:45 oýnalar.

    Ispaniýa-Fransiýa
    Bu oýynam 23.06.12ý sagat 23:45-de bolar.

    Angliýa-Italiýa
    Bu oýyn hem 24.06.12ý-da şol bir wagtda başlanar.
    messibet 11 years ago
  • Ýokarda agzalan 4 oýynyň hemmesi ýarym finala çykmaklyk üçin oýnalar.
    messibet 11 years ago
  • Oleg Blohiniň Angliýa bilen oýnalan oýunda derwezäň çyzygyndan geçen pökgüniň hasap edilmänine gahary gelen pursaty
    messibet 11 years ago
  • Aangliýa bilen oýnalan oýundan soň Şewçenko bilen Woronin halkara karýerasynyň tamamlanandygyny habar berdiler.
    messibet 11 years ago
  • Bombardirler:

    Alan Dzagoýew 3 gol (Russiýa)

    Mario Gomez 3 gol (Germaniýa)

    Mario Mandžukiç 3 gol (Horwatiýa)
    messibet 11 years ago

  • Meniň görüp başlanym bäri iň gowy geçen oýyn Angliýa bilen Ukrainaň arasyndaky oýun boldy. Ikitaraplaýyn deňiräk hüjümler, derwezebanlaryň ussatlygy, güýçli daşdan depilen urgylar, şeýlede hasap edilmedik gol. Garaz meniň üçin iň gyzykly oýun boldy.
    akylym1989 11 years ago
  • aý görýn welin meňki boljak däl öýtýän aý hiçle, çykmadyk janda umyt bar.
    1merdan 11 years ago
  • behh 1-nji, 2-nji orunlarda gyz agzalar barýamaý
    akylym1989 11 years ago
  • häzirlikçe şeýle 1merdan menä ýeňerin öýdemmok, emma adymyň öňdäki 3liginde bolmagyny isleýän ýaryşyň soňunda, näbileýindä...
    Bayramsoltan 11 years ago
  • Aklym jora gutlayan! Ay jenskya logika diyibem bir zat barda özi(öwunenkishi bolayyn). Oyun etyan, menem buysanyan liderlikde 2nji gun duranyma. Hemma ustunlikler! Entek wagt bar, menem begenmayin, sizem gynanaman. Yone akylym oglanlar bizin onde baryanymyza begenenok yaly, hich haysam gutlamandyr:-(
    1merdan 11 years ago
  • gutlaýan gyzlar, turnir şeýle jemlenäýende hem owadan netije bolar
    virmenaard 11 years ago
  • 3-nji hem bir gyz bolaysa :)
    aysyzgije 11 years ago
  • hay zannar diyse, 12-nji oyun gununde prognoz goyup bilmedim-da. ay, bahbit bolsun. oyuna chenli wagt kan diyip arkayyn boldum, agshamlygam inet ishlemedi.
    Yzganttm 11 years ago
  • Menä 20-nji ýerimi hiçkime berjek däldirin öñünden aýtýandyryn!:-D
    Yzganttm 11 years ago
  • Wiii gyzlar tuweleme gutlaýan futboly köp görýäñiz öýtýän
    Yzganttm 11 years ago
  • Waý men bir zada dü$ünemok näme üçin $u temada hemme ki$iñ ýazany goýy gara hatda menä beýdip goýy garada ýazamogam welin özi ýazylyp durlaý ...
    Yzganttm 11 years ago
  • shu gezega bolarda
    Yzganttm 11 years ago
  • Ýolaý sukomoto agam sen bärde admin bolmaly $u gezega allajak bolma.
    Bayramsoltan 11 years ago
  • Gutlanlar sag bolun, sizede nesip etsin!
    akylym1989 11 years ago
  • jemini jemläýiňňňňňňňňňňňň
    messibet 11 years ago
  • portugaliya-chehiyan jemini nesip bolsa agshama chenli jemlarin. Owadanja gelshiklije edip achjak bolyan. maglumatlammy toplashdyrayyn.
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri