Premiyer ligada ýene öňki günlerine gaýdyp gelip, Mançesterler bilen çempionlyk üçin göreşmegi niýetleýän Çelsi Eden Hazard transferiniň üstünden bir hepde geçmänkä ýene bir uly transfer etmeklige taýýarlanýar. Iňlis metbugatynda çykan habarlara görä Londonuň bu kluby Hulk üçin Porto bilen ylalaşandygyny bildirdi. Habarda 25 ýaşyndaky braziliýaly ýyldyz üçin 38 million sterling (47 million ýewro töweregi) tölenjekdigi aýdyldy. Klub Eden Hazard bilen bolsa 32 million sterlinge (40 millon ýewro töweregi) Lill bilen ylalaşyga gelipdi. Bu ylalaşykdan soňra gözler, kluba belleniljek baş trenneriň kim boljagy baradaky karara bakýar. Kluba wagtlaýyn baş tälimçi bolup möwsümiň ortalaryna bellenen Di Matteonyň Çempionlar ligasy we FA kubogyny gazanandan soň geljek möwsümde-de klubda galjagy aýdylsa-da Roman Abramowiçiň Ýyldyzlardan doly bu kluby has karýeresi guýçli bolan tälimçä tabşyrasy gelýändigi hem habarda bellenildi.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir