(Hekaýa) Meniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser gelende, ýok zatlar ýadyma düşüp, depe saçym üýşýärdi. Iň beteri hem, ol tabyt mende adamyň kellesine gelip biljek iç ýürekgysdyryjy, iň bir tukat pikirleri oýarýardy. Şäheriň giden bir raýonynda bizden başga hiç kimde tabyt bolmansoň, onuň hyrydaram kändi. Kä günler ikiläp-üçläp hyrydar tapylýardy. Özümiziň saklap ýören şu geň emlägimize men ne begenjegimi bilýärdim, ne-de gynanjagymy. Tabydyň hyrydarlary zol gapymyzy kakyp duransoňlar, men “adamlar diňe ölýärler- ow” diýip pikir edýärdim. Şol tabyt howlymyzda peýda bolandan soň, atam bilen kakamyň arasynda ownukly-irili çaknyşmalar döräp başlady. - Kaka, sogap gazanmaga başga ýol ýokmudy? - diýip, kakam atamyň göwnüne degmez ýaly, seresabrak äheň bilen aýdardy. - Ýerimiz darlyk edenok, oglum! - diýip, atam sakgalyny sypalardy. - Ýolda-yzda oňa büdrejek gümanyň ýok. Ol ýerzeminde. - Ol-a şeýle welin... - Ýeri, weliniň näme?... - Howluda tabyt bolansoň, bu gün-erte ajal gelip ýakaňdan tutaýjak ýaly bolup dur... Atam şundan soň myssaja ýylgyrardy-da: - Gowy bor, oglum, gowy bor, käwagt ölüm hakynda pikir edäýmegem ýerliksiz bolmaz - diýerdi. - Onsoňam, özüň bilýäň, bu jelegaýda hiç kimde tabyt ýok ahyryn. Gürrüň şunda gutardy. Gapy bolsa şol kakylyp durandyr. Äkidilende üstüni ýukajyk tozan gatlagy basan tabydymyz gaýdyp gelende, ýuwlup-ardylyp, öz gögümtil reňki bilen enaýy öwüşgin berýärdi. Kakam ara wagt salyp, ýene atama igenerdi: - Kaka diýýän-ä, şu tabyt saklamagyň gowy niýetmi?

Köneler, Karat tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir