Bir zady soramakçy sizden, ýöne dogry düshüniñ! Göwnüñ halap, bir gyzy arzuw edip ýörsüñ, shol gyza öýlenmek mydam hyýalyñda bar diýeli (bu hemmelerde bolýan ýagdaý) emma näbelli ýollar arkaly sen ol gyza ikiçäk gabat geleñok. Gabat gelseñem birden gönümel "men seni söýýän, halaýan" diýip bolanok. Indi meñ aýtjak bolýanym bir gyzy halap ýörkäñ ol gyza söz aýtsañ nähili görerka. Mysal getireýin: bir klasdash gyzymyzy söýdüm, okaýarkak ol gyzy sheýlebir söýýädim welin men ony size düshündirip oturmañ manysy ýok. Menä kän utanjañam däldim, özge gyz klasdashlam bilen "seni aljak, aý seni gelin edip bashyma ýapaýynmaý" diýip degishsemem, shol söýen gyzyma lakam atyp bilmezdim. Olam meni gowy görerdi, özi maña gep tapyp lak atardy. Bilmedim, ýürekden söýenimdenmi, geleñsizlikdenmi, soña goýanymdanmy, ol gyzdan çekinenimdenmi, men ol gyza söz aýdyp bilmän okuwy gutaryp gulluga gitdim. Gelsem guda bolupdyr, soñam toý edip durmusha çykyp gitdi. Elbetde olam pikir edendir "mümkin bashga gyzda hyýaly bardyr" diýip, her hili pikir bar, mümkin gulluga gidemsoñ ol bir oglan bilen tanshyp söýshendir. Elbetde men ol gyzy hijem günäkär edip bilmen, sebäbi ikimiziñ aramyzda söýgi hakda hiç hili diýlen-goýlan söz ýokdy. Diñe garaýysh bardy. Men indi-indiler pikir edip özümi günäkär edýän: "ýeri aýtsañ bolmadymy, bir minut wagtyñam alanok sho söz, erkek ýaly ýüzüne "men seni gowy görýän, garasharmyñ" diýseñ, dünýe ýumrulanoga" diýip, özüme käýiñýärdim. Men ol gyza indi garaýshym bashgaça, sebäbi ol indi bir mashgalañ gelni, men bolsa özge bir sallah kishi. Ol hakda ýatlamalam däl. Aýtjak bolýanyma düshünensiñizle, nije ashyklar shol birje sözi aýdybilmän öz ýaryna gowushmady. Bu ýagdaýlary hemmelerem göre-göre gelýär. Hemmede bashyndan geçiren. Sizden soramakçy zadym, söýýän gyzyña "men seni gowy görýän, halaýan" diýseñ nähili borka, eger käte gabatlashýan bolsañ. Mydam görshüp ýören bolsañ aýry mesele, öwrenship söýüshseñem bolar, ýöne käte gabat gelýän bolsañ shol sözi diýseñ gyz nähili kabul ederka?

Köneler, Barmaley tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir