On sekiz ýaşym Ýüregiň böküp dur, dünýä sygaňok, Sähel zada gülen on sekiz ýaşym. Uly dünýä bir garaýşa degenok, Wah, özgesi ýalan on sekiz ýaşym. Duýmandyryn neneň niçik geçeniň, Bu toýlarda tans oýnap, serden geçenim. Şol gözeliň gözlerine gaçanym, Girdaba gark bolan on sekiz ýaşym. Çolaşasyň geldi dilber näzine, Sataşasyň geldi söýen gyzyňa. Biygtyýar düşdüň gitdiň yzyna, Ýatlamadan gelen on sekiz ýaşym. Göz astyndan ogryn-ogryn bakmalar, Wada berýär, wagty bilen çykmaýar. Agşam aý yşgyna şöwür çekmeler, Bar wagtyňy alan on sekiz ýaşym. Ähli ahmyr, armanlarymy alardym, Indi näme etjegimi bilerdim. Şu diläniňe bitse ýatyp dilärdim, Ýeke gezek dolan on sekiz ýaşym. Diýdi: “şahyr, gury hyýal haýyşyň”, Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn. Şindiki ýaşlardan ýalňyz haýyşym: Gadryny biliň on sekiz ýaşyň... Söýüpmidiň sen... Sen meni gozgadyň, ýadyma düşdi, Göz öňümde galan jadyly keşbi. Diňe şol gyz hakda, ählije goşgy, Ýada özüm bolup söýüpmidiň sen. Birahat deňziň tolkunna meňzäp, Güýjümiň çäginden çykypdyň dyňzap. Seň özüňe laýyk bilmedim bezäp, Käte ejizlänim duýupmydyň sen. Ýörjen-ýörjen edip tutduň elimden, Ahyry boýun boldum, sadyk guluň men. Göterjekdim, bilmän sypdyň golumdan, Ykbalyma ýazylan aýypmydyň sen. Aýyplaň dargatdy dostlaň ýygynny, Hozanaklar bolup aýlandygymmy. Kyn bolanda ýene saňa sygyndym, Bolşuma bir özüň haýykmadyň sen. Kimler saňa ALLAŇ ady diýdiler, Kimler ALLAŇ beren zady diýdiler. Ömür boýy sygyndygym, uýdugym, Hakda berlen ýada Halykmydyň sen. Söýgi goşgusy Bazygär ýeri däl yşgyň meýdany, Munda käte otly köýnek geýmeli. Aklyň haýran eden niçik söwda bu, Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli. Bir pursatlyk bu dünýäni gülleden, Göz öňümde galdy elwan öýmeli. Ömür ýatlamadan gidip bilmedim, Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli. Erkiň gidip demiň-deme degende, Edebi eşretden öňde goýmaly. Söýgi päk bolanda galar belende, Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli. Biri diýdi: “sen bolmasaň senemjan” Häzirki gyzlara şeýle diýmeli. Söýgüni ownatsaň aşyklar ynjar, Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli. “Söýgi hasap bilen” diýdi bir gelin, “Eýýäm gelejegiň gamyn iýmeli”. Yşkym bilen oýun etme dur gelin, Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli. Ýogsa oň ýeterlik azaby bardyr, Hem güzaby bardyr ýanyp köýmeli. Çyny bilen söýýäne mähirdir, nurdur, Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli. Söýgi ALLAŇ Adamata peşgeşi, Manysyzdyr başarmasaň duýmagy. Meniňem ýaşlara etjek wesýetim: Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir