salam mähriban agzalar!!! bu günki etjek maslahatymyz adam durmuşyndan alnan (has takygy meňkiden)... maslahat berseňiz hoşal bordym... bu waka mekdep ýyllarymdan başlaýa... ýaş başymyz bardy kellede diňe şatlyk şowhun, şagalaň, gyz oýnamak, aldamak... söýüşip taşlanymyzdan soň gyzda nähili pikir, duýgy bar o zatlar gyzyklandyranokdy... esasy maksat diňe aldamak, oýnamak (keýpdi)... ine-de aradan esli wagt geçdi, ýokary okuw jaýyna girdim... ýokary okuw jaýynda hem ilki bada ýene şol pikirler bilen boldym, ýöne soňra men hakyky söýgä uçradym, ol gyz öz tanaýan gyzymdy, klaşdaşymdy, bir klasda 10 ýyllap okap gözüme düşmäýşini diýsene..wahh... ol barada gyzyklandym, söýgülsi bar eken, doslaşdym, aramy öňkiden beter gowladym... günleriň bir güni bolsa ol barada bir zat eşitdim..._söýgülsi bilen sögüşipdir(aýrylşypdyr), ol indi oň bile bolmajagy barada aýdypdy_... elbetde bu bir tarapdan maňa gowy bolsada, ol gyzyň beýle azap çekmegini islämokdym... söýdim ýöne söýgide beýle kösençleň bolýandygyny bilemokdym, aldan gyzlamyň nähili derejede bolanyny indi düşünipdim.... hormatly agzalar sizden sorajak maslahatym men şol gyza öz söýgimi aýtmalymy ýa-da öňkim ýaly diňe daşyndan söýüp gezmelimi? (ol gyzyň meň birnäçe gyzalary aldanymdan(oýnanymdan) habary bar)

Köneler, leonardoo tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir