başdan geçirmeler (2-nji bölüm) 1998-nji ýyllar. tomus. o wagtlar daşarda tapjanda ýatardyk. ir bilen gun dogmanka ejem turuzyp "bar yuwun! hazir hä diýmän yssy düşer, yssy düşmänkä şähere galdyrbibi daýzaňlara baryp çakylyk aýdyp gaýt" diýip goyberdi. aý çagada, gapdalyma ýoldaş gozlap goňşy ependilere barsam daşarda tapjada hor çekip ýatan eken. tuzurjak bolýan welin eger-eger. seretsem tapjaň gyrasynda pişigi ýatan eken, alyp ýüzünde goydum weli wääää boldy. garaz ýagdaýy aýtdym, gideli diysem ejesi ibermedi, öten agşam friendşipleň ýatagyna girip gölelerini boşadypdyrlar welin öýden çykarjak däl diýdi. şonda-da eýdip - beýdip alyp gaýtdym. tapan tupanymyzy geýişdirdik. o wagt näme hazirki ýaly darajyk jinsi bamy, gelnejemiň gelin bolup geleninde getiren gyýma balajygy, galoşjyk, garpyz damdyrlanja koynejik, ependiň eginem şonuň ýaly ... şeýdip ýola duşdik. uly ýola ýetip barýakak vipboy sygyryny kowalap süriň yzyndan ýetirdi. ýatyp galyp suruden gija galypdyr. ependem gygyrdy "şähere gitjekmeeý" wip aýagy şortyklyja, çala ýyrtylan köwuşjik, egnem nu pogodili maýka, ýok diýip bilmedi, şo durşuna yzymyza duşdi. 3 bolup ýola çykdyk. awtobus geldi, mundik. suruji ýaman seretdi, asyl ata aga eken tanan bolaýmasa. içinde birtopar sary paketa salynan ukrop-petruşka bar eken, daň bilen gök bazara barýan prezident paketlerini biri alar öýdendirdä barynyň sapyny birine daňyp, berk ýapyşyp oturan eken. awtobusda ýene biriniň çagasy ejesine azar berýa, "şo petruşkadan 1 ştuk äbermeseň meňem seň ogluň bolmadygym" diýip, şo sözler hemmäň unsuni ozune çekdi. seretsek asyl çagada däl ekenlaý özumiz ýaly oglan student3 aý awtobusda dik durup ýadap ugradyk, yzky oturgyçlaň birine geçdik. gapdalymyzda oturan ogan eline ukropdan birini alypdyrda öňdäki oglanyň gulagyna degirip aýyrýa. öňdäki oglanam zol-zol yzyna seredip "beýtmäýow" diýýä welin ýene görgülä gun bermedi. soň duralga gelemizde öňdäki düşup gitdi yzyndan bulam eňdi. gapa ýetenlerinde-de güpür- tapyra boldy welin näme bolanyny gormedik. soňam nohurlyagzaň ylagap gidenini birem sylapmeniň üstuni kakyp duranyny gorduk. duralgadan mahri, littile, aýnaş, aýjagaş, jemka91, ...gyzlar mundiler. okuwa barýan bolmaly. ellerinde ýarty kesemen çörek, beýleki elde suwjagaz, mata sumkalyja. ýene aladin, jumanji, sahet, nigthwolf,alemdarow wento, nlo dagylar uýşip bir ýerigä baryan ekenler, ellerinde balyk tutulýan tor bilen uzyyn çeňňek. ol çeňňegem uzyn bolansoň dyknyşyk awtobusda ýer tapmady. kimiň garnyna çümýä, kimiň ýeňsesine... ahyry awtobusdan düşdik. şähere geldik. gözegňize getiriň 3 sany passan şäherde. indi daýzamlara barýançaň ýol uzak. her hili adam gorýäs ýolda. biri dagy gözi aýnekli oglanjyk, çigit çakan bolup. bir elinde-de çuýşeli limonad, kakasynyň moskawijine ýaplanan bolup, krutoýsyrap idealman duran eken. soň aňňyrakda biri gabat geldi döşune "montana" diyip ýazylan, weliklije aýlanan bolup ýoren ýaly welin birden ýok bolaýdy. şo wagt lýuklaň gapagy o diýen däldirdä, gapak beýlesine öwrulip, ahalyň weliginiň ýarsy lýuka gaçan eken. zordan çykardylar. dalşe ýolda makguş gelýän eken ejesi bilen. ellerinde sogan- kartoşka, et we birtopar gok onum.... bir zadyňa aladysyndadylar. (makguşyň şo wagtlar toýy edilmedikdi öýdýän) marojna satylýanyň deňine ýetipdik. biýänsiňiz çaga wagtyn nähili marojna iyesin gelyanini. miraž marojnadan adama birini aldyk. ependi dagy ozuniňkini iymanka wipiňkä dawwa edýä. wipem damdyryp damdyryp bir iýýä. soň bir ses eşidilýä "bokurdagyňa gurşun guýaýmaly boldy! boldy et! " diýip birä çagasyna käýinýä. ol gyzjagam "eje marojna iymesem mugallym maňa 5lik goýarmy? " "goýdurarys gyzym ýor oýe gaýdaly, kakaňam garaşyp oturandyr " diýip ejesi jasminkaň elinden tutyp alyp gitdi. soň parkyň deňine ýetenimizde mirasymyz, ürgençli, adgjmptw dagylar arassa howadan dem almana, jigilerini az salym gezdirmane aýlan - çaýlaňa çykan ekenler. salamlaşyp ýoly dowam etdik. soň aňňyrrakda somsa bişýän eken. satyjysam bir eli açyk gyz diýseňem puluny bereňsoň hemme satyjam şeýle...diýip abadana 3 somsa zakaz etdik weli wip paketjik çykaryp "ýolda ajuksam sizdendir" diýensoň 4ini zakaz etmeli bolduk. soň ýene ýola duşdik. "depdä näme aňalyp dursyň, ber pokgini leonardo, öňe depä how bar olaň howlysyndan pökgini alyp gel" diýip trenerleri gygyrya. o barmanada setkaly kalitka açyldyda brawo çykdyda ylgap gitdi özä baglyga tarap... futbol meýdançaň deňine ýetemizi duýman galypdyrys. öňde bir butkajyk suw satylýana meňzeýärdi. daş toweregine tom bilen jerryň suw içip duran suratlary çekilen. hälki somsadan soň suwsamsoň ýaňky butga bardyk. " 3 stakan gazly suw gyýsana" diýdim welin aljyradymy nämemi güpür-tapyr boldy. näm bolduka diýip boýnumyzy suyndirip seretsek stakany gaçyrmajak bolup ozi gaýdan eken gorguliň. şagyrdadyp grantdan guýulýan däldä o wagtlar näme makloşkada gazlanyp goýulan. guyup uzatdy, wipe geçirdim suw kiçiňki diýip weli oň elinden ependi alypdyr. beýleki stakany geçirmedik bolsam gyrlyşjakdylar. soň suwuň puluny uzadamda şemal öwusdi-de butkaň içi gorunip gitdi, seretsem suwçymyz merw92 eken. ýoräp ugradyk ýene. daýzalar ýatdan çykyp barýan ýaly, bizem towerek bilen başagaý. bazara golaylandyrysda adam kopelip ugrady. "gel köz ýaljak garpyza gel, ed köz ýalyjakdyr hooow!!! gurçuk çykmaz hiç, çykaýsada maňlaýdyr" diýip biri gygyrýa uly oglanam dällaý garypjan eken, garpyzyn ustune çykypdyr. soň aňyrsynda sarymsak satýan eken ýuzi saram-saram, ellikli zatly, "sarymsak iýmelimi jigim, eýranyňky orginal, agzyňdan ysam getirenok gyz hehehe" zat diýip birzatlara diýişdirýä. akylym89 bazaram eýelän eken. geçip baryas welin biri aýajygny gymyldadan bolup, her hili aýdym aýtdyran bolup, arasynda herekedi bilen tansam ediberýä, şeýdip gyzlary özune çekip dur birä diýsek ýegen kaseta satyp duran eken. son biriniň elinde 8 çörek, biriniň elinde 7 çörek, haýdaşlap iki oglan barýa. çöreklerem pakeda salmandyrlar weli gaçjak-gaçjak bolanda durup duzedip ýene ýorap, garynjalaň bugdaý daşaýşy ýaly bolup ozik bilen turkmentug ýyljak çörek äkidip barýan ekenler. bazardan geçdik etdik welin bir oglanjyk ýol gyrada şänik dowup otyr. onam döwup bilman çekiji gatyň urup şänigi mynjyradýa. şeýdi arasynda-da barmagyny urup goyberdi weli ýaňky oglanyň sesi ýetman dine agzy açylýardy, birem gozunden ýaş damýardy. oganyň maýkasynda younglord diyip yazylandy. howa salkynlap ugrapdy. daşaram garaňkylamak bilendi. daýzamlara ýetiberenimizde podýezda bir gyzjagaz eli almaly, kitap okap otyran eken. son ýanyna bir ulyrak biri gelip almasynyň ýarysyny dişläp gitdi. gyzjagaz aglajagnam bilmedi guljegnem tekegyzytatyana bolup otyryberdi. barmaly ýere geldik diýenimizde gapdalda ösup otyran makluraň aňysyndan şygyrdy eşidildi. bu pişik kowalamana ökdelän wipiň unsuni özune çekdi. ependi daş bilen läşertmage taýynlandy. emma otaýda has ulyrak zatdan "hüüüüüşşşşştt" diyen ses çykdy. gorup otyrsak juwan oglan, soýgin ugrynda lýuboý maklura (tikenli agaç) dyrmyşyp gitmäne taýýar ýigit, eli azajyk süllerip ugran gulli merdan1 çykdy. duşuşyga gelen eken. ahyry ýetdik. aýtmaly zatlary aýtym. oýe gaýdyşymyz ýadowlykdan ýaňa kan ýada duşenok, ýone wip oylerine baranda "şu durşuňa, aýtman niräk gitdiň garadyryn degen! seni gozlap tas gazeda obýawleniýa ýazypdyk....." ependi ikimiz gaty-gaty ýorap oye bardyk. soň az salymdan daşary çyksam ependilerden gelýän ses "ýene ýekeje gezek jigiň balagny geyip gidaýseň, edd bogaryn kellesi kesilen....." soň oýe ejem geldi, men gormänkam ol meni gorupdir. "eje geldim..." diyenimi bilýän.... çyra öçüpdi :) şeýdip çagalyk ýyllarymyzyň bir günem geçip gitdi....

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir