Men kelebiň ujyny ýitirdim eje,sen indi maňa akja balam diýme eje!Meň dünýäme garalyk aralaşypdyr,men indi seň akja balaň bolup bilmerin,men beýle sözlere mynasyp däl.Maňa näme bolýanyny özümem bilemok,ýöne meň öňküligimiň ýoklugy weli anyk.Diýjek bolýanym men ynamdan gaçaýdym öýtýän,maňa indi ynanma,men ýolymy ýitirdim.Ejejan men saňa tarap iterýän ak ýolyňy tapyp bilemok aýagym basmasyz ýodalara basýar.Mende asla seni ynjytma pikiri ýokdy,ýöne ine ykbalyma bir ýigidiň aralaşmagy,meni bütinleý başga ynsana öwürdi.Men berk söýüpdirin,söýgi meni kör etdi,söýgi meni däli etdi,men söýgim üçin göreşdim ony ýitirmek islemedim,haýsyda bolsa bir gözeliň ony ellimden alamazlygy üçin namysymdan jyda düşdim,şeýtsem söýgime ýeterin öýütdim,ýöne ynha indi weli eden hereketlerimiň ýalňyşdygyny görýän.Näme üçin ol maňa “seni ak lybasda görmek isleýän,törimizi sen bezeseň,ir säher oýanamda seni öz ýanymda görsem,seň elliňden bişirlen tagamlary iýsem“ diýenok,diýenok eje!Belkem ol meni bu zatlara mynasyp görýän däldir.Sebäbi men hallkyň öňüne çykyp toýy alyp barýanlygymdamy,beýle adamlarda arzuw ýokmy,öz ukybyňy ille ýaýmak aýypmy? Kär zaýalaýan adamlar diýäler,kärde günä ýok.Men öz saýlan kärimi ak ýüregim bilen dowam etdirdim garalyk diýen zady görmedim.Ejejan seň aýdanlaryňy diňledim,oňladym,şeýlelikde özümiň päkize dünýäm bilen ýaşadym,ýöne bu gün şol päkligi ýitirdim eje.Men ony söýýenligim,söýýänligim üçin etdim,ol meni taşlamasyn diýdim.Ol häzir meň bilen,ýöne mende nähili bir ullakan gussa bar,hamala ol meni aldaýan ýaly.Ynamsyzlygyň gowy zatdäldigini bilsemem men ynamsyzlyk etýän näme üçin,ony aşa söýüp gabanjaňlyk diýen sözem gursagyma guýupdyryn.Haýsada bolsa bir gyzyň adyny tutsa gabanýan.Oň özge gyzlar hakda oýun eden sözinem göwünnime alýan.Şol gün özümi betbagyt saýan bu syrymy kime aýtjagymy bilmäm soň öz-özüm köşeşýän,ýöne ejejan bu gün men uly ýalňyş göýberenim bildim,söýgide özüňi saklamagyň gerekdigini,seniň bu sözleri gulagyma guýanyňy undupdyryn.Indi mende ertirki güne umyt ýok,ol meň bilen ömürlik galyp bilmejegini aýtdy.Aýtsana käbäm! Men näme etmeli? Özüme nähili pursatlaň garaşýanha bilemok,ýöne herhili ýagdaýda-da men ony taşlamajagym anyk,men ony berk söýýän onuň bagyty meniň bagtym,meniň unudylan dünýäm söýgi bilen tamamlanar.

Köneler, ALADIN tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir