Wagtal-wagtal biz planetamyz, tebigat,durmuş bilen baglanyşykly heniz joga­by tapylmadyk käbir soraglara duş gel­ýäris. Geliň, şunuň bilen baglylykda, um­manlaryň suwunyň düzümindäki duz barada agzap geçeliň. Biziň bilşimiz ýaly, suwda ereýän duz ýagyş suwlary bilen ummanlara düşýär. Ýeriň ýüzündäki duz ergin hala öwrülen­ soň, ýagşyň ýagmagy esasynda umman­lara aralaşýar. Çaklamalara laýyklykda, ummanlaryň ählisiniň düzümindäki duzuň kömegi bi­len beýikligi 230 kilometr, galyňlygy 2 kilometr bolan diwary gurmak mümkin. Gündelik durmuşymyzda ulanylýan duz deňiz suwlaryndan, duz çeşmelerinden hem-de daş duzlaryny gaýtadan işle­mek arkaly alynýar. Deňiz suwlarynyň 3-3,5 göterimi duzdan ybaratdyr. Orta­ýer deňzi, Gyzyl deňzi ýaly içerki deňiz­leriň suwy açyk deňizleriň suwuna garanyňda has duzly bolýar. Meýdany 728 inedördül kilometr bolan Öli deňziniň düzüminde bolsa takmynan, 10 milliard 523 million tonna duz bar. Deňiz suwunyň bir litriniň düzüminde ortaça 30 gram duz bolýar. Ýer ýüzüniň dürli ýerlerindäki daş duzlarynyň känle­ri birnäçe million ýyl mundan ozal deňiz suwlarynyň bugarmagy esasynda eme­le gelipdir. Häzirki wagtda nahar duzunyň ep-esli mukdary daş duzundan alynýar.

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir