Gadyrly Talyplar.com sahypasynyň agzalary we myhmanlary. Biziň saýtymyza agza bolup, peýdaly temalardyr, jogaplaryňyzy goşup sahypamyzy bezemegiňizi sizden haýyş edýäris. Şeýle-de nähili teklipdir, arz-şikaýatyňyzy hem biz bilen paýlaşyp bilersiňiz. Biziň saýtymyzyň salgysy www.yolkes.ucoz.com Siziň kelläňize eýýäm yolkes näme many aňladýarka diýen pikiriň gelen bolmagam ahmal. Elbette biz ol adyň manysyny size gysgaça düşündireris. Ol söze düşünýänleriňizem bar bolmagy ahmal. Sebäbi bu söz hem türkmen halkynyň içinde aýtgy ýaly, ýeri gelende aýdylýan söz. Onuň manysy şeýleräk. Iki sany uzak ýala gidip barýan ýolagçy ýollarynyň çaltyrak geçmegi üçin biri beýlekisine – Ýolumyzam-a uzakdyr welin, pylany ýoly kes – diýýär. Bu diýdigi ýolumyz uzakdyr, bir zatlar gürrüň ber, şol gürrüňe güýmenibem ýolymyzy gysgaldaly, ýagny gürrüňe güýmeneli wagtymyzam çalt geçsin diýildigi. Elbetde biziň saýtymyzda Siziň gyzyldan gymmatly wagtyňyz biderek geçmesin. Peýdaly mowzuklar açyň, peýdaly jogaplar beriň. Ýöne käbir kemçilikler bolup biler. Ony hem gysga wagtyň içinde düzederis. Teklip bermek Siz bilen. Galanynam saýta agza bolup baryp synlap bilersiňiz. Elbetde pikirleriňizi biz bilen paýlaşyp. Ýene-de talyplar.com sahypasynyň gadyrly agzalary. Meniň şu ýazgymy gaýrat edip Ertir.com-a hem ýerleşdirip berseňiz gaty minnetdar bolardym. Şu wagt agza bolup bolmaýan eken, ertir.com-a. Registrasiýany ýapypdyrlar öýdýän. Sizden kim şol ýere-de agza bolsa şu ýazgymyň gylyny gymyldatman ertir.com-a ýerleşdirip bermegini ýene bir gezek haýyş edýän.

Köneler, wwwyolkesucozcom tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir