Real madridiň ýarymgoragçysy Mesut Öziliň Santiýago Bernabauda özüni närahat duýýandygyny we şu möwsümiň soňunda madridden gitmek isleýändigi barada gürrüňler çykyp başlady. Geçen möwsümde Realyň esasy "ýaragy" bolan Özili, portugal tälimçi Žoze Mourinio bu möwsümde bir oýunda 90minut doly oýnatmagy başarmady. 6gezek La ligada, 2gezegem Çempionlar ligasynda meýdança çykan bu oýunçy, Lewante we Raýo Wellekano duşuşygynda bolsa ätiýaçdaky oýunçylaň içinde oturdy. Mesut Özil Real Madridden gitjekligi hakda doly karar beren ýagdaýynda milanyň Interiniň ilkinjileň hatarynda gyzyklanjagy aýdylýar.

Köneler, messibet tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir