Geçen futbol möwsüminden soň Fabio Kannawaro (Italiýa), Wan der Sar (Gollandiýa), Patrik WIeira, Klod Makalele (Fransiýa), Pol Skoulz (Angliýa), JOn Dal Tomosson, Ýesper Gronkaýer (Daniýa), Marek Ýanklowski, Žerzi DUdek, Ýan Koller (Çehiýa), Andreý Tihonow (Russiýa), Huan Karlos Waleron, Iwan da lePena (Ispaniýa), Marselo Galýardo (Argentina) ýaly dünýä ýyldyzlary Futbol bilen hoşlaşdylar. Ýokarda ady agzalan oýunçylaň içinde Dünýä Çempiony, Çempionlar ligasynyň, UEFA kubogynyň ýeňijileri hem bar. Şeýlede şu gün EURO 2012-niň saýlama tagyrynyň plaý-off oýunlary hem belli boldy. Bosniýa we Gersegowina - Portugaliýa Türkiýe - Horwatiýa Çehiýa - Garadag Estoniýa - Irlandiýa Plaý-offda birinji oýunlar 11-12-nji noýabrda, jogap oýunlar bolsa 15-16-njy noýabrda oýnalar. Çempionata gatnaşjak 16 Milli ýygyndy hem belli bolandan soň, ýagny, şu ýylyň dekabr aýynyň 7-sine EURO-2012-iň final tapgyrynyň toparçalary Ukraýinanyň paýtagty Kiýewde çekiljek bijelerden soň belli ediler.

Köneler, messibet tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir