Bu gün señ durmush toýuñ! Bu gün señ durmush toýuñ, bagtyñ bolsun, Saña öýlenjek ýigit, mydam alnyñda bolsun. Durmushdyr gynanma, buda hem geçer Sen indi meñki däl, ýadyñda bolsun. Düshünýän günäniñ, sende däldigine, Düshünýän günäniñ, köne däpdigine. Ene-atañ birwagt, doglañda belläp Seni adaglapmysh, bashga birine. Goý aglama, ejizlik bor aglasañ, Seni söýen, bu mert ýürek aglasyn. Shu söýgümiz, geljege mysal bolup Gaýtalanmasyn, her kim shuny añlasyn. "Adaglansyn, guzymyz bagtly bor!" diýip, Ene-ata arzuw edýär, öz balasyna. Entegem shu däp, köp ýerlerde bar, Döwrebap ýörmekden, entek dünýe dar. Senem sho dessuryñ, bolupdyñ awy, Saña gelen awçyñ, mañada degdi çawy. Gözüñe ýash aýlap, naçar garapdyñ: "Meni soramaga, gelýär shol sawçy... Bilýär enem-atam, seni halaýanmy, Emma olar düshnenok, hiç zada. Eger saña gaçyp, baraýyn diýsem Doganlam dili gysga, düshün bir zada?!" Shuña çäre barmy, aýdyñ halaýyk, Hemme zadyñ çözgüdi, bardyra laýyk?! Däp-dessura hormat, goýmagam gerek Ýöne shu dessur welin, örän biderek. Bu çözgüdin nädip jogabyn tapjak, Men bir ýetim oglan, bilýän bellisin etjek! Hany mende, onuñ ýaly mal-maýlyk, Bar baýlygym sendiñ, Senem indi, tutdurmajak balyk. Ýetim bolsañ, mydam günüñ sheýledir, Agzyñ asha ýetse, burnuñ gandadyr. Diñlemezler näçe bagryñ ýaksañda Sözüñ köpükçe ýok, adyñ sandadyr...

Köneler, Camry tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir