Goňşymyzyň bir gowy ogly bar. Arassa, agzyndan ýekeje-de gybat söz eşitmersiň. Ýöräninde- de ýere seredip ýöreýär. Ejesine- de “siz” diýýärmiş. Bir ýerin-ä gutardy. Şo diýip ölüp barýan-da! Okuwly. Özem ýeke ogul. Jaýlaram gowy. Düzgünlerem gül ýaly. Ejesem erbet däl. Özi ýaly ýuwaş, “meni urany hudaý ursun”. Kakasam bir institutda mugallym. Özlerem gyz gözleýämişler. Şol oglana görünjek bolup her zat edip çykdym. Şonda-da maňa barmysyňam diýenok. Ýekeje gezek özüme seretdirip bildim, onda-da jigime gaharyma “Gömül, ýerçeken” diýip, bir şapbat uramda jigim uly-ili bilen aglady. Ol oglanam maňa seretdi. Nämemiş, düşünjeli gyz gözleýämişler. Menem ýüzüme reňk çalmany-ha öwrendim. Zontigem göterýän. Düşünjeli diýdikleri näme-kä? Okuwly diýdiklerimi-kä diýsem, o-da dälmiş. Arada okuwly bir gyza-da barypdyrlar welin, gyz: “Ýaşmak ýaşyndyrmasa, gyňaç daňyn diýmese baraýaryn” diýýämiş. Şo sözi üçinem halamandyrlar. Mes tulalar bar gyz, biri diläp gelýän bolsa boldugydyr-da! Onda-da oň ýaly oglan üçin. Şu wagt düşündirip bilemok-da, goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y- y, şeýle bir gowy-y-y... Jigimi uranymy halamadymy-ka? Aý, ýok-la! Gelnejemem çagalaryny eliniň ýeten ýerine geldigi “gyran degmişler” diýip urýar. Urmasaň bolýamy, o ýerçekenleri! Etiňi iýip barýalar-a. Oň üçin däldir-le! Şu düşünje diýilýän zatlarynyň nämedigini bilsem, ölerdim welin düşünjeli bolardym, şol oglan üçin. Oň nämedigini ne gelnejem düşündirip bilýä, ne-de ejem. Kakamdan soramaga-da utanýan. Bolmasa ertir ölýänem bolsam kakamdan soraýyn. Hindi kinosam başlaman geçdi-le! Gelnejem-ä: “Otursan-a gyz, bir gerreçi duşmasa şükür et!” diýýä...
Goñ$ymyzyñ ogly $eýle bir gowy, $eýle bir gowy-y-y..! Ýa-da goñ$y oglana a$yk bolan gyzyñ içgepletmesi (ýarym degi$me)
-
asiya
15 years ago
- :-D hahahay sapa senema :-D
-
enesh91
15 years ago
- hehe. friend nirden tapyanay sagbol!
-
enesh91
15 years ago
- hehe. friend nirden tapyanay sagbol!
-
asiya
15 years ago
- sapa dayy shetde arasynda degishde dur ;-)
-
idealman
15 years ago
- hehe.aha,ol gyz dushunjeli boljak bolsa talyplara girmeli eken))))))
-
Abadan
15 years ago
- Hahahaha...
-
magnit
15 years ago
käbir oba gyzlary yalyhehe dogry durmu6dan alynan degi6me :D))
-
idealman
15 years ago
- gyzlar sheyle erbet yagdayda utanjan oglanlary halayalarmyka???
-
AHAL
15 years ago
- ahhahhaa))
-
idealman
15 years ago
- hawa diydiginmi shol?)))
-
AHAL
15 years ago
- ýok how)) goshgy guldurtti!!)
-
idealman
15 years ago
- ay pikirini yazaymalyda yone gulman)))
-
Auditor
15 years ago
- Gyz bolaýshyñy...
-
Friendship
15 years ago
- :-):-):-)
-
vesna87
15 years ago
- gowy degishme. Yone magnit oba gyzlary diyenin yakmady. Oba gyzlary yaly dushunjeli gyzlara yok.
-
asiya
15 years ago
- oba gyz bol shaher gyz bol dushunjelisi dushunjesizi bar hemme adamyñ deñ bolmayshy yaly hemme gyzam deñ dalda...
-
idealman
15 years ago
- oba gyzlary kanbir gezegen dal diysen hawa diyjek.sebabi olarda kanbir mumkinchilik yok.yone shaherinkiden dushunjeli diysen welin razylashmaryn.her hili gyz bar!!!vesna gelneje
-
Tourist
15 years ago
- Dü$ünje barada aýdylanda gyzyñ özüne bagly
-
idealman
15 years ago
- wot imennno!!!!hoool dash yerdaki obaly bir gyz dashary yurtda okap gelenden has dushunjeli bolubam bilyar!!!ya-da tersine-de!!!ol eyyam ozune bagly adamyn!!!
-
Tourist
15 years ago
- Temañ ady gowja ekenaý
-
sahett
15 years ago
- hakykatdanam bolyamyka hn
-
BATYRAVALON
15 years ago
- Sapa sag bol gaty gowy ja bolupdur asia gaty dogry tus tpoy lara yazypdyr sapa menem goshulyan gyz diyenin otyaly bolaysa
-
magnit
15 years ago
yone magnit oba
gyzlary diyenin yakmady. oba gyzlary
yaly dushunjeli gyzlara yok. vesna87 |
Edil Menem $ony aytjak bolup, yalny$ pikir etyanler u.n $ol sözlerin ústùni cyzdymda (käbir adam oba gyzlaryny sadarak göryä) aydyara:
Tünegi gy$yk bolsada, tüssesi göni çykýandyr!
-
asiya
15 years ago
- batyr gaytam kabir oglanlar mal yaly yuwash gyzlary halayalar.
otyalylay diyip at dakan bolyalar((((
-
sazanda2
15 years ago
- saspa gyzyklyja eken.
barynyzyn pikirniz nadogry how!!! gyzlaryn erbedi yokdur,
barsam men gozel diyip ozlerne gowunleri yetya biri birinden one gecmese
yza galmazlar.
-
sazanda2
15 years ago
- saspa gyzyklyja eken.
barynyzyn pikirniz nadogry how!!! gyzlaryn erbedi yokdur,
barsam men gozel diyip ozlerne gowunleri yetya biri birinden one gecmese
yza galmazlar.
-
asiya
15 years ago
- hkm hkm :)
-
sazanda2
15 years ago
- cozdum oytyan?
-
asiya
15 years ago
- Aha :)
-
asiya
15 years ago
- Aha :)
-
Tourist
15 years ago
- Yeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeee
-
Friendship
14 years ago
- Oho!:-)
-
Tilkijik
14 years ago
- Bizin yanymyzdada bir gyz bar shular yaly
-
idealman
14 years ago
- hay gyzlaram gowni yetmedik bolup,sonam ichinden sheyle zatlary diyip yorseler....gulki dine
-
jeyn91
14 years ago
- hehehehehehe betinden yazayypsynay muna friendship
-
Friendship
14 years ago
- :-)
Yegen 15 years ago- Hahahaha:-) gowja prikol! Ýene ýazsana dost degishmeli oýlanmalar hakda!