Synp okuwçylaryň goh-galmagaly bilen doludy. Şol wagt gaharjaň sypatly mugallym gapynyň ýanynda göründi. Synpa göz aýlap, tagtanyň öňüne geçdi. Hek bilen tagta ullakan “1” sanyny ýazdy. - Serediň, diýdi. “Bu – adamkärçilik. Dünýäde eýe bolup biljek iň möhüm zadymyzdyr... Soňra 1-iň ýanyna “0” sanyny ýäzdy we: - Bu üstünlikdir. Üstünlikli bir adamkärçilik 1-den 10 ýasar. Ýene-de bir 0... - Bu tejribedir. 10-dan 100 ýasar. Nollar şeýdip uzap gidýär: zehin, tertip-düzgün, söýgi... Goşulýan her täze 0-uň adamkärçiligi 10 esse baýlaşdyrýandygyny düşündirdi mugallym... Soňra eline bozguç alyp, iň başdaky 1-i aýyrdy. Yzda bir setir 0 galdy. Iň soňunda mugallym bolup geçen zatlaryň manysyny aýtdy: -Adamkärçiligiňiz bolmasa, beýlekiler hiç zatdyr. Synp duýduryşy alyp, ümsüm bolup oturdy.

Köneler, aynash tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir