Kerim Gurbannepesow XX asyryň ikinji ýarymynda türkmen edebiýatynyň döredijilik meýdanyna gelenleriň arasynda şygyr senediniň halky dili, çeperligi we baýlygy bilen mynasyp yz galdyranlaryň biri-de Kerim şahyrdyr. Ol Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda dünýä inýär. Watançylyk urşy ýyllarynda olaryň maşgalasy Tejene göçýärler. Kerim ýaşlygyna garamazdan, şol ýerde “Zarpçy”, soňra “Tejenstroý” gazetinde işleýär. Şol döwürlerde hem onuň goşgulary çykyp ugraýar. Iki ýyllap goşun gullugynda bolýar. Raýat durmuşyna dolanyp gelensoň, ýene-de žurnalist kärine başlaýar. 1952-nji ýylda K. Gurbannepesowyň ilkinji, 1954-nji ýylda ikinji goşgular kitaby çap edilýär. Şol bir wagtyň özünde ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň agşamky bölümini okap gutarýar. Onuň altmyşynjy ýyla çenli her ýyl diýen ýaly bir kitabynyň çykmagy şahyryň öndümli işländiginden habar berýär. Ol goşgusaýyn, kitapsaýyn kämilleşýär. 1957-nji ýylda neşir edilen “Taýmaz baba” poemasy K. Gurbannepesowa şöhrat getirdi. Şondan soňam ol “Ata we ogul”, “Ajy günler, süýji günler”, “Gumdan tapylan ýürek”, “Kyrk”, “Aýal bagşy”, “Alada”, “Ynsan we ynsap”, “Namys hakydasy”, “Rubagy-poema” ýaly iri şygyr eserlerini döretdi. K. Gurbannepesow terjime bilenem meşgullanýar. Ol gündogaryň belli şahyrlary Hoja Hapyzyň, Nyzamy Genjewiniň, Abdyrahman Jamynyň, Emir Hysrow Dehlewiniň, Muhammet Fizulynyň, Alyşir Nowaýynyň, Rabindranat Tagoryň döredijiligini çuňňur öwrenýär we olardan azda-kände türkmen diline terjime edýär. Şeýle-de rus we ýewropa şahyrlarynyň birnäçesiniň eserlerini türkmen diline geçirýär. Şeýlelikde, K. Gurbannepesow türkmen edebiýatynyň terjime gaznasyna-da öz goşandyny goşdy. Onuň kyssa bilen ýazan “Edebiýat we durmuş”, “Tomus ýazgylary” diýen kitaplary hem köpçülik tarapyndan söýlüp okalýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow birnäçe gezek Türkmenistanyň Ýokary Geňeşiniň deputatlygyna hem saýlandy. Şahyryň goşgularynyň onlarçasy aýdym edilip aýdylýar. Kerim Gurbannepesow halky dilde ýazan sada, akgynly, çeper döredijiligi bilen türkmen edebiýatynda tanymallyk gazanan şahyrdyr.

Köneler, aynash tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir