Gerekdir «Menem» diýen goç ýigide Bir mynasyp ýar gerekdir. Arap at, ýowly ýigide Almaz zülpükar gerekdir. Ýigit öler ýurt üstünde, Janyn berip ar üstünde, Goç ýigitler il üstünde Namys bilen ar gerekdir. Bäs gün könül hos etmäge, Saçak ýazyp, nan dökmäge, Abraý alyp, at etmäge, Golda bendi-bar gerekdir. Mekgä baran bolar hajy, Aýralyk ölümden ajy. Goç ýigide ar galyjy, Asyga didar gerekdir. Artdyr pelek ahy-zaryn, Alar elden ygtyýaryn. Magtymguly, söwer ýaryn Syýa zülpi tar gerekdir.

Köneler, AHAL tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir