AGŞAMLYK NAHAR Enes bin Mälik (radyýAllahu anhu)-dan rowaýat edilmegine görä Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýtdylar: „Eger agşamlyk naharyňyz namaz wagty taýýar bolsa, onda agşamlygyňyzy namazdan owal iýiň we nahar iýeniňizde howlukmaň“. (Buhary rowaýat edýär). ŞERHI: Yslam kämil we ylahy dindir. Onda her bir amal we hereket çäksiz ylahy hikmete daýanýar. Amallarda esasy onuň fiziki şekilde berjaý edilip geçilmegi däldir. Manysyna düşünmek, iman we ruhy kämillige bolmaly täsiridir. Şu hadysdan hem çykýan netije, esasy zat, biziň dinimiziň maksadyna, usulyna düşünmegimiz möhimdir. Eger nahar taýýar bolsa, wagtynda okalan namaz haýyrly diýip tutdyryp barmaly däl-de, hikmet bilen meselä garamaly. Namaz wagtlary minutma-minut bolman birnäçe sagadyň içinde okasa bolýar. Sebäbi bu durmuşda her hili ýagdaýlar bolup bilýär. Yslam dini hristianlaryň buthana-monastyrlaryndaky ýaly ruhbanlyk, dünýäden doly çekilip ýaşamaklyk däldir. Biziň dinimiz hemmeler tarapyndan berjaý edilip bilinýän aňsat we durmyşy dindir. Eger nahar iýmän namaza durulsa, namazda wagtyň bütin küý-pikiriň naharda boljak we gerekli huşuw, namazyň täsiri bolup bilmez. Emma howlukman, arkaýyn nahar iýip namaza dursaň (wagtyny geçirmeseň bolýär) şol hemme taraplaýyn haýyrly bolar. Bu ýerde hiç hili namazy äsgermezlik ýada bitakwalyk ýokdyr, meger hem sünneti berjaý etdigiň bolup sogap gazanarsyň. Aslynda agzyňy açyp soňra agşam namazy okamagyň hem hikmeti şondadyr. Yslam giňlik, ýeňillik, adamyň tebigatyna laýyklylyk, ahlak we edep dinidir. Ol ylahy hikmet we akla laýyklylyk dinidir. Onda gedemlik, gödeklik, äsgermezlik, edepsizlik, ahlaksyzlyk, akly ulanmazlyk, körligiňe bir zada uýup şol bir zada tutdyryp gitmezlik, täze we gowy pikirlere ýapyklyk ýokdyr. Nahary iýeňde hem agraslygyňyzy saklamaly, edep-ekramly bolmaly. Nahary howlukman, gowy çeýnäp arkaýyn iýmeli. Bu hem edep babatda, hem saglyk babatda dogrydyr. Yslamda hemme amal agraslyk, hikmet we edebe laýyklylykda edilmelidir.

Köneler, yslam tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir