EDEP BARADA Ebu Hureýradan (radyýAllahu anhu) rowaýat edilmegine görä Pygamberimiz (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Pallamak şeýtandandyr. Eger biriňiz pallasyňyz gelse, pallamagyňyzy saklajak boluň, saklap boldugyndan. Sebäbi sizden biriňiz pallap „Ah“ diýende şeýtan şonuň üstinden güler“. (Buhary). ŞERHI: Musulman Allah (jelle jelaluhu)-yň ýer ýüzindäki halyfasydyr. Şonuň üçin onuň ahlak we edebi şol beýik mertebä laýyk bolmaly. Musulman hemme taraplaýyn adamlara gözel görelde bolmany başarmaly, şol sanda hem edepde. Edebi gatnaşyklar, hereketler bilen adamlara özüňi söýdirip hem bolýar ýigrendiribem. Adamzat diýseň synçydyr, has hem orta çykyp adamlary dogry ýola çagyrýanlara gezek gelende. Yslam gözellikdir we gözel edep musulmanyň bezegidir. Göräýmäne kiçijik hereket bolan pallama, ýöne Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şoňada üns beripdir. Pallama-ýaltalygyň, ukyny söýmäniň, öziňe erk edip bilmeýänligiň alamatydyr. Şeýtan adam agzyny açsa, agzyndan içine girýär. Gelşiksiz hereket bolan pallama ýanyňdaky adamlary äsgermezlik bolup öz derejäňi gaçyrýar, hormatyňy peseldýär. Şonuň üçin oňarsaň öziňi pallamakdan saklajak bolmaly. Aňyrujy bolmasa agzyňy pallan wagtyň eliň aýasy bilen ýapmaly. Ahh diýip ses çykarmak bolsa Şeýtana özüňiziň üstinden güldürmekdir, sebäbi ol size biedep we gelşiksiz hereket etdirýär. Ol her ýeňişine begenýär. Musulman şeýle zatlara „Aý ownuk mesele“ diýip äsgermezçilik etmeli däldir. „Dama-dama köl bolar“ diýilişi ýaly şu gelşiksiz hereketler birigip, uly günä, haýasyzlyga eltýär. Edil şolar ýaly musulman her hereketine üns bermeli. Iýip-içeňde şarpyldadyp iýmek, burnyňy-gulagyňy dörjeläp durmak, nahar başyna eliňi ýuwman oturmak, nahar başynda dişiňi dörjeläp oturmak, eliňi ýuwaňsoň silkelemek, oturaňda aýagyňy-aýagyň üstinde goýup oturmak we ş. m kän edepsizlikleri etmeli däldir. Şularyň hemmesi daş-töweregiňdäki adamlara sizi ýigrendirer, sizde edepsizligiň häsiýet-endik bolup galmagyna sebäp bolar. Edep-musulmanyň bezegi we nadan adamlardan tapawutlandyrýan tarapydyr.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir