Lälijek Gara gözli, galam-gaş, Enaýyja keýijek, Sen bir şeýle owadan, Ýanyma gel lälijek Lälijegim lälijek, Enaýyja keýijek, Sen bir şeýle owadan, Ýanyma gel lälijek Aýdaýsana adyňy, Bu kalbyma ýazaýyn, Aldyň akyl-huşumy, Sensiz nädip gezeýin? Çytma galam-gaşyňy, Dessan-gazal düzeýin, Akja monjuk dakaýyn saňa Gülüm inçe billeriň, Bal goşulan lebleriň, Men aşygyň, näzleriň, Diňlesene sözlerim, Deňiz ýaly söýgiňde, Gämi bolup ýüzeýin, Arzuwlarym sende Lälijek

Köneler, jeyn91 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir