TEKEPBIRLIK Abdulla ibn Mesud (radyýAllahu anhu)-dan rowaýat edilmegine görä Pygamberimiz (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýtdylar: „Kimiň kalbynda bir tozan ýalyja tekepbirlik bolsa, ol Jennete girmez“ diýdiler. Şony eşiden adam şeýle diýdi: „Ýa Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) öz eşigiň ýada köwüşiň owadan bolmaklygy tekepbirlige girýärmi?“. Onda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýtdylar: „Hakykatdanam Allah (jelle jelaluhu) gözeldir, gözelligi hem söýýändir, emma tekepbirlik bolsa hakykaty kabul etmezlik we adamlara göwniýetmezçilik etmekdir“. (Muslim rowaýat edýär). ŞERHI: Tekepbirlik ýaman kalp keselleriniň biridir we ol hemme ýamanlygyň, zulmuň, adalatsyz we nähaklygyň düýp sebäplerinden biridir. Allah (jelle jelaluhu) hemme adamy deň ýaradyp deň görýär, üstinligiň bolsa diňe takwalyk bilen bolýandygyny aýdýar. Ýadyňyza salsaňyz şeýtanyň Allaha (jelle jelaluhu) garşy çykmagynyň iň birinji we esasy sebäbi tekepbirlik boldy. Ýagny ol men otdan ýaradylyp, toprakdan ýaradylan Adama sejde ederinmi? Diýmek bilen tekepbirlendi. Tekepbirlik sözüni terjime edemizde beýiklenmek, ulumsylanmak manysyna gelýär. Emma beýiklik diňe Mähriban we Rehimli Allah (jelle jelaluhu)-a mahsusdyr. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şu hadysynda tekepbir adamyň Jennete girmejegini aýdýär. Sebäbi tekepbir adam belli bir manyda we möçberde özüni Rob hökminde görüp başlaýar we özündäki hiç bir kemçiligi görmän başlaýar. Emma kemçiliksiz diňe Kadyr bolan Allah(jelle jelaluhu)dyr. Sebäbi Ol ýeke täk Rob we Ýaradandyr, Ondan başga iläh ýokdyr. Şol sebäpli tekepbir adam hiç wagt Jennete girmez. Sahabalaryň biri diýseň ýerlikli sorag sorapdyr, ýagny gowy gymmat we täze eşikdir-köwiş geýmeklik tekepbirligiň alamaty bolup bilermi? Ýok, eşik edebi barada hadys baplaryna seredenimizde, köplenç arassa geýinmek, baýlyk ýagdaýyňa laýyk şekilde geýinmeklik ündelýär. Emma ýerden süýrenýän, aýallaryňka meňzeş, ýüpek zatlary geýmeklik gadagan edilýär. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) tekepbirlik barada ýalňyş düşünjeler döremez ýaly ony gysgajyk iki esasy görnüşini alypdyr. Sebäbi Resullaryň (sallaLlahu aleýhi we sellem) getiren dagwaty (nesihaty) hemişe açyk, düşnikli, şol barada sorag döremejek derejede doly bolmaly. Tekepbirligiň birinji görnişi – Hakykaty kabul etmezlikdir. Ýagny şol adama Kuran we Sünnetden açyk deliller bilen dogryny, hakykaty aýtsaň, ol hiç wagt kabul etmez. Sebäbi tekepbir adam özüni kemçiliksiz saýýar we öz ýalňyşlygyny kabul etmek oňa diýseň agyr degýär. Şol kesel onda şeýle bir derejede ornaşypdyr welin ol hatda Allahyň (jelle jelaluhu) we Resulyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) hökümleri bilen ylalaşmajak bolýar, alym we takwa musulmanlaryňky aňryda dursun. Şeýlelik bilen tekepbir adam uly günäler gazanýar. Bu aýdýanlarymyz nadanlara we musulmanlara-da degişlidir. Musulman şu babatda özüni hemişe barlap durmaly. Tekepbirlige derek pespälligi we alçaklygy häsiýet edinmeli, Allahyň (jelle jelaluhu) beýikligini we özüň ejizligiňi köp pikir edip, nebsiňi basjak bolmaly. Hz Omar (radyýAllahu anhu) baradaky bir rowaýat ýadyma düşýär. Ol bir gün mesjidiň hajathanasyny arassalap durka, musulmanlar ondan „Eý mu'minleriň emiri, senden başga-da hajathanany tämizlemäge adam bar ahyryn“ diýdiler. Şonda Omar (radyýAllahu anhu) şeýle jogap beripdir: „Meniň nebsim tekepbirlenjek bolýar, şony saklajak bolýaryn“. Tekepbirligiň ikinji häsiýeti: Adamlara göwniýetmezçilik etmeklikdir. Tekepbir adam hemme adamlary özünden pes görer, olary aýyplar, olara ýokardan garar, hiç biri bilen oňuşmaz. Onuň pikiriçe hemmeler oňa borçly ýalydyr, hemmeler oňa hyzmat etmeli, onuň diýenini etmeli, oňa kemçiligini aýtmaly däl, hemişe ony öwmelimişin. Ol bolsa özüni hondan bärsi saýyp, hemmeleriň aýbyny aýtmaly, köpbilmişlik edip adamlary düzedişdiren bolmaly. Hakykatda bolsa onuň özi şolarça-da ýok. Tekepbir adam özüniň edýän sähelçe amalyna guwanyp özüni nämedirin öýdýär. Şol amaly onuň tekepbirligine sebäp bolýar we sogapdan köp zyýan (günä) getirýär. Allah (jelle jelaluhu) kyýamat gününde adamyň kalbyna seredýär. Amallaryň köpligi bilen Jennete girip bolmaýar, eger Allahyň (jelle jelaluhu) rahmeti bolmasa. Allah (jelle jelaluhu) bolsa, Öz rahmetini hiç wagt tekepbir adamlaryna bermez. Edýän amallarymyz - ýagny bir-iki rekagat nefil namaz, 5-10 manat beren sadakamyz bizi azdyryp, özümizi ýeterlik saýmana, tekepbirlenmäne sebäp bolmaly däldir. Amallar Allah (jelle jelaluhu) golaýlaşmak üçindir, başgalara göwniýetmezlik etmek üçin däldir. Allah (jelle jelaluhu) hemmämizi afuw edip bagyşlawersin. Ämin ýä Robbil Alemin.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir