Salam agzalar! Maňa siziň maslahatyňyz gerek! Men size kiçiräjik bir bolan taryhy beýan etjek... Bu bir oglan we bir gyz hakda... Oglanyň ady Seýran. Gyzyň ady bolsa Mylaýym. Bularyň her haýsy aýry ýokary jaýynda okaýarlar. Saglyk ýolynda ýörişde bu iki juwan biri-birine sataşdy. Olar biri-birine mynasypdyr öýtdiler. Dogrudan-da ilki başda göräýmäge mynasyp ýalydy. Bular tanyşdylar, halaşdylar, biri-birine köp zatda wada werdiler. Geljek hakda arzuw etdiler... Aýlar şeýle bir tiz geçdi. 2-3 aýyň içinde şeýle biri-birine ýakynlaşdylar. Hatda olary ýyllaryň kerweni hem aýrylyp bilmejek ýalydy. Ýöne welin,... birden waka üýtgedi otyryberdi. Mylaýym diýilýän magşuk gyz diňe daşyndan mylaýym eken... Emma onuň maksadyny hiç kim bilenokdy... Ynha garaşylmadyk pursatda aşyk olan Seýrana "öz diýýän oglanynyň" däldigini, özüniň oňa mynasyp däldigini bahanalap, ýuwaş-ýuwaşdan arany üzmek bilen boldy. Garaz "Söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme" diýeni boldy... Seýran özüniň ne söýenini, ne söýlenini, ne-de süýkenendigini bilmedi... Bu zatlaryň sebäbini Seýran soranda bolsa, Mylaýym dürli bahanalar tapyp, ýerliksiz ýere sebäpsiz arasynyň üzmekçi bolýandygyny mälim etdi... Olaryň tanyşanlaryna ýaňy ýarym ýyl bolupdy... Emma wadalar wadasyndan ötdi. Gyzyň oglana jaň etmegi hakda ha hiç hili gürrüň ýok. Seýran oňa jaň edäýende-de ne oňa jogap bardy, ne-de hormat. Siziň pikiriňizçe, ýarym ýylyň içinde näme üýtgäp biler? Başdaky beren wadalaryny ýadyna düşürmekden geçen, Mylaýyma Seýrana nämesi ýaramadyka? Ol her gün irden gyzyň nurana keşbine meňzeş säheriň ýaňy dogup gelýän şapagyndan ýitirilen umydyny gözleýär. Günüň doganyndan tä ýaşýança onuň görýäni Mylaýym... Eşitýäni Mylaýym... sözleýäni Mylaýym... hem huşy hem düýşi Mylaýym... Belki siziň maslahatyňyz bilen Seýrana Mylaýym dolanyp geler... Ruslaryň aýdyşy ýaly "Надежда умирает последней".... Siziň maslahatyňyza sabyrsyzlyk b/n garaşýan, Seýran...

Köneler, lovestory tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir